Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

717680
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: 16-17-njy maýda Tramp bilen duşuşaryn” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “A News” telaýaýlymyna beren interwýusynda ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp bilen 16-17-njy maýda duşuşjakdyklaryny aýdandygyny mälim edýär. Habarda duşuşykda garaljak meseleler barada maglumat beren Erdoganyň Fetullahçy terror guramasynyň ýolbaşçysynyň strategik hyzmatdaşymyz ABŞ-da galmagynyň olara zyýan ýetirýändigini nygtap; “Hormatly Tramp Obamanyň etmedik işini eder. İň bolmanda dolanşyk taýdan şeýle karar kabul etmegine garaşýarys. Siriýa meselesinde-de pikir alyşarys. Bu iş Asad bilen bolmaz. Siriýanyň halkynyň saýlajak lideri bilen wagtlaýyn şertde dowam etdirilmeginiň has ýerlikli boljakdygyny aýtdyk” dien sözleri okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Watan” gazeti “Günbatara hüjüm etmän halatynda terror guramasy hasaplanmaýar” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat geňeşçisi İbrahim Kalynyň tele gepleşiklerden birinde eden çykyşynda messep çaknyşyklary barada duýduryş berendigine üns çekilýär. Gazet terror meselesini diňe bir DAİŞ we Al Kaýda ýaly terror guramalary bilen çäklendirmegin ýalňyşlyk boljakdygyny nygtan Kalynyň; “Günbataryň jemgyýetlerine hüjüm etmän halatynda hamala diýsersiňiz terror guramasy hasaplanmaýar. PKK Türkiýä hüjüm edýändigi üçin PÝD, ÝPG Siriýada halka zulum edýär. Şol ýerden Türkiýä hüjüm edýändigi üçin ähmiýet berilýän terror guramasy hasaplanmaýar” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan araplaryň hem “reisi” söz başyly habarynda, Liwanyň paýtagry Beýrutda ýerleşýän Saint Žosef uniwersitetiniň syýasaty öwreniji professory Žana Žabburyň Prezident Erdoganyň arap dünýäsinde-de “Resis” hökmünde kabul edilýändigini aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Aýlag ýurtlarynyň maýasy Şanlyurfa gelýär” söz başyly habarynda, Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Maýa goýuma goldaw we Tanyşdyryş gullugy bilen Karajadag galkynyş gullugynyň bilelikdäki guramaçylygy arkaly Saud Arabystanyndan, Katardan, Kuweýtden we Bahreýnden 50 işewür adamynyn oba-hojalygy we maldarçylyk pudaklarynda Şanlyurfa welaýatynda iş saparynda bolandyklaryny, Pars aýlagy sebitinde ýerleşýän ýurtlary bilen oba-hojalygy we maldarçylyk pudaklarynda söwda gatnaşygyny ösdürmek, şol ýurtlardan sebite maýadarlary çekmek üçin Türkiýede iş alyp barýan arap maýadarlarynyň resmi ýolbaşçylar bilen duşuşandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Syýahatçylykda maýa goýum üçin teklipler artýar” söz başyly habarynda, Stambulyň Turizm syýahatçylyk gulluklary we İşewürleri jemgyýetiniň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Hasan Baýramyň referendumdan soň syýahatçylyk maýa goýumlary üçin teklip hödürleýänleriň sanynyň artýandygyny nygtap: “Syýahatçy howpsyz ýurtlary saýlap alýar. Referendumdan kabul netijesiniň çykmagy durnuklylygyň dowam edýändigini aňladýar. İndi maýa goýumlarynyň depgini hasam artar” diýen sözlerini ýerleşdirýär.



Degişli Habarlar