Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

712717
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Hawa, Dünýä jogap bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Ýewropadaky Türkiýä garşy kampaniýalary ýatladyp, raýatlaryň 16-njy aprelde berjek jogabynyň diňe milli dälde, eýsem halkara hem boljakdygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet Prezident Erdoganyň: “Netijäniň uly mukdarda oňaýly çykan halatynda ÝB bilen oturyp gürleşeris, 54 ýyl garaşdyk, mundan soň wagtymyz ýok. Kararyňyzy beriň diýeris” diýendigini belleýär.

Star gazedi: “Pentagonda resmi dabara bilen garşylandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Goranmak ministri Fikri Yşygyň amerikaly kärdeşi Jim Mattis tarapyndan Goranmak ministrliginde resmi dabara bilen garşylanandygyny mälim edýär. Gazet Fikri Yşygyň ABŞ-nyň Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astynda bolan Şaýrat howa bazasyny nyşana alyp, hüjüm guramagyndan hoşaldygyny aýdandygyny nygtaýar. Habarda Mattisiň hem: “Hyzmatdaş güýçleriniň Injirlik howa bazasyny ulanyp geçiren operasiýalary we garhryman türk esgerleriniň Ýewfat galkany operasiýasy bilen serhedi DAIŞ-e ýapmagy iki ýurdyň hem bu operasiýa ähmiýet berýändigini görkezýär” diýendigi beýan edilýär.

Habertürk gazedi: “Minnetdarlyk we yzlaryna gaýdyp gitmek” söz başyly habarynda, siriýalylaryň Ýewfrat galkany operasiýasy bilen terrorçylardan saplanan Siriýanyň Azez, Jerablus we Al Bab etraplaryna Türkiýeden gaýdyp barmaga başlandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda soňky 5 aýda Gaziantepden 30 müň siriýalynyň öz öýlerine gaýdyp barandygy ýazylýar. Gazet Karakamyş gümrük geçelgesinde öýlerine gaýdyp gitmek üçin garaşýan siriýalylardan Muhammed Hassanyň: “Türkiýede watansyzdygymyzy asla duýmadyk. Alla Türkiýeden razy bolsun, çöregini iýdik, çagalarymyzy bärde ulaltdyk. Ähli hyzmat berildi. Ýewropa geçmegi hiç wagt pikir etmedim. Bir gün yzymyza gaýdyp barjakdygymyzy bilýärdim” diýendigine ünsi çekýär.

Watan gazedi: “Türkiýe şoklara garşy örän güýçli” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Gurnama we galkynyş bankynyň Türkiýe boýunça müdüri Žan-Patrik Markeniň Türkiýäniň şoklara garşy güýçlidigini belläp: “Ähli bolup geçenlere garamazdan iş orunlaryň artmagy we ösüş dowam edýär. Şol sebäpli Türkiýe beýleki ýurtlara garanyňda ünsleri özüne çekýär” diýendigini nygtaýar. Habarda Türkiýäniň geçen ýyl bolup geçen ähli hadysalara garamazdan 2,9 göterim ösüş edendigini bellän Markeniň: “Meniň pikirmçe bu gowy netije. Mundan başgada ähli şol wakalara garamazdan kärhanalaryň Türkiýedäki maýa goýumlaryny dowam etdirýändigini gördük. Bu ýagdaý biziň nähli derejede pozitiw bolmalydygymyzy görkezýär. Şol sebäpli biz Türkiýä maýa goýumlara arakesme bermezden dowam etdirýäris” diýendigi beýan edilýär.

Hürriýet gazedi: “Ajap üstünlik” söz başyly habarynda, Eskişehirdäki Anadoly uniwersitediniň Döwlet konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby we “Pianinonyň uçursyz zehinlisi” diýip häsýetlendirilýän 10 ýaşly Mert Hakan Şekeriň Germaniýanyň Baden Württemberg welaýatynyň Mühlaker şäherinde geçirilen Baden-Wütrttemberg halkara aýdym-saz bäsleşiginde 1-nji oruna mynasyp bolandygyny habar berýär. Gazet Bethoweniň 20-nji sonatasyny ýerine ýetiren Mert Hakan Şekeriň ýaryşda öz ýaşdaşlarynyň 10-syny geçip ilkinji oruna mynasyp bolandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar