Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

702417
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber türk gazedi: “ABŞ-nyň Adil Öksüz baradaky beýanaty kanagatlandyryjy däl” söz başyly habarynda, Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynda Akynjy bazasynda tussag edilip, soň bolsa azat edilen FETÖ-niň ymamy gaçgak Adil Öksüze 21-nji iýulda ABŞ-nyň Stambuldaky konsullygyndan jaň edilendiginiň ýüze çykandygyny mälim edýär. Gazet ABŞ-nyň ilçihanasynyň Öksüziň wizasynyň goý bolsun edilendigi barada habar berilmegi üçin jaň edilendigini aýdandygyny belleýär. Habarda mesele barasynda beýanat beren Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň: “Has kanagatlandyryjy jogaba garaşýarys” diýendigi ýazylýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Terrora goldaw berýän nemes gaznalar nyşana astynda” söz başyly habarynda, Türkiýä garşy ähli hereketleriň arkasynda nemes gaznalarynyň ýüze çykýandygyny habar berýär. Gazet  Ýewropada Fetullahçy terror guramasy FETÖ, PKK we DHKP-C ýaly terror guramalaryna eýe çykýan Germaniýanyň bir tarapdan terrorçylary türk howpsyzlyk güýçlerinden goraýan bolsa, beýleki tarapdan içaly gaznalaryň üsti bilen Türkiýä garşy hereketlere goldaw berýändigini nygtaýar. Habarda Türkiýede iş alyp barýan daşary ýurtly 22 gaznanyň aglabasynyň Germaniýa degişlidigini we terror guramalarynyň arkasynda gaznalaryň bardygyna üns çekilýär. Gazet Gezi wakalaryna işjeň goldaw beren, PKK-nyň hendek syýasatyna we barrikadalaryna ok-däri ýetişdiren Germaniýanyň BND razwedka gullugyna bagly guramalara esasy zarbanyň 16-njy aprelde geçiriljek referendum arkaly beriljekdigini beýan edýär.

Watan gazedi: “Booking.com saýtynyň Türkiýedäki işleri duruzyldy” söz başyly habarynda, Stambulyň 5-nji Söwda kazyýetiniň onlaýn rezerwasiýa saýty bolan booking.com-yň Türkiýedäki işlerini duruzmak barada karar kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň Syýahatçylyk agentlikleri bileleşiginiň aklawçylarynyň syýahatçylyk agentliklerine garşy hukuksyz bäsdeşlik edýän booking.com saýtyna garşy işleriniň duruzylmagy bilen bagly kazyýet işiniň gozgalmagy barada talap bildirendiklerini belleýär. Habarda kazyýet işini kabul eden kazyýetiň booking.com kärhanasynyň internediň üsti bilen we ýada başga bir ýol bilen Türkiýedäki dynç alyş paketlerini satmagyny we araçylyk etmegini duryzmak bilen baglanşykly Informasion tehnologiýalar guramasyna hat iberilmek barada karar kabul edendigi ýazylýar.

Sabah gazedi: “Türkiýä garşy ünsli bolalyň” söz başyly habarynda, Gresiýanyň ozalky Premýer ministri Kostas Simitisiň 13 ýyl soň grek resmileriniň Türkiýä garşy has hem ünsli bolmaklary barada maslahat berendigini mälim edýär. Gazet Goranmak ministri Panos Kammenosy göz öňünde tutan Simitisiň Türkiýäni binjalyk edýän sözlerden uzak durmagy barada duýduryş berendigini nygtaýar.

Star gazedi: “Bu gije regaip gijesi, üç aýyň habarçysy” söz başyly habarynda, üç aýlaryň ilkinji kandili bolan Regaip kandili bu gijedigini habar berýär. Gazet yslam dünýäsinde rehneti, berekedi we bagyşlamagy aňladýan bu üç aýlaryň habarçysy hökmüne kabul edilýän regaip gijesiniň şu gijedigini beýan edýär. Habarda arzuw, isleg, maksat diýmegi aňladýan regaip geljege degişli arzuwlary we islegleri, maksatlary we hyjuwy gözden geçirmäge mümkinçilik berýändigi ýazylýar. Gazet bu gije ýüregi her dürli kine, ýigrenç we ar almak duýgularyndan saplamak we köňüli rahatlyga ýetirmek günüdigine ünsi çekýär.



Degişli Habarlar