Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

697635
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi; “Erdogan: Garşymyza maska bilen çykanlara garakçy ýaly gararys” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Ýewropanyň özi üçin möhüm bolan mahaly demoktariýany, hukugy, azatlyklary, adalaty bir gyra süýşürmegi hiç hili görmeýändigini, mesele Türkiýe bolan mahaly bolsa ýüzüne göni maska dakýandyklaryny aýdandygyny habar berýär. Gazet “Biz bolsa mundan soň garşymyza maska bilen çykanlara garakçy ýaly gararys” diýen Erdoganyň: “Meni tankyt et, ýalňyşlarymy aýt, olary geçirerin welin, hereket bolan mahaly oňa çydam edip bilmerin” diýendigini belleýär.

Watan gazedi: “Ikinji Kandil haraba öwrüler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Yragyň demirgazygynda aýralykçy terror guramasy PKK-nyň ikinji Kandil etmek isleýän Sinjardaky soňky wakalara ýakyndan gözegçilik edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Sinjardaky we Mahmurdaky PKK barlygyna garşy Yragyň demirgazygyndaky sebitleýin hökümet bilen bolan işleriň gözden geçirilýändigini nygtaýar. Habarda PKK-nyň Sinjarda ýerleşmeginiň öňüni almak maksady bilen Türkiýäniň serhede ýakyn ýerlerde Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň baza gurmagynyň gün tertibindedigi beýan edilýär.

Ýeni Şafak gazedi: “THÝ-nyň ösmegini islemeýänler syýasaty ara sokýarlar” söz başyly habarynda, Günbatar döwletleriniň howa ýollary kärhanalarynyň THÝ we Stambul bilen bäsdeşlik edip bilmejegine göz ýetirip, syýasaty ara sokandyklaryny habar berýär. Habarda ABŞ-nyň we Britaniýanyň razwedka tarapyndan berilen beýanaty bahana edip, Stambuldan ýerine ýetiriljek saparlara elektronik enjamlar babatynda gadagançylyk getirendigi ýazylýar. Gazet THÝ-nyň dünýädäki ýolagçylaryň 78 göterimine hyzmat berip bilýändigini, şol sebäpli ABŞ tarapyndan başladylan we Britaniýa tarapyndan göterilen syýasy söweşe öňümizdäki günlerde beýleki ýurtlaryň hem goşulyp biljekdigine ünsi çekýär.

Star gazedi: “Howpsyzlyk aladasy bahana, maksat ykdysady zarba” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň we Britaniýanyň Stambulda uçan uçarlara elektronik enjamlaryna gadagançylyk getirmegine bildirilýän nagilelikleriň barha artýandygyny habar berýär. Gazet işewür dünýäniň tanymal adamlaryna görä gadagançylygyň maksady THÝ-nyň bäsdeşlerine artykmaçlyk gazandyrmakdygyny nygtaýar. Habarda Türkiýe-Ýewropa Bilim we ylmy derňew gaznasynyň başlygy Faruk Şeniň: “ABŞ Stambulyň 3-nji howa menziliniň geçiş merkezi bolmazlygy üçin bular ýaly karar kabul etdi. Merkez Stambul dälde, Frankfurt we Pariž bolsun diýip şol karary kabul etdiler” diýendigi beýan edilýär.

Sabah gazedi: “Meşhurlar Stambula gelýär” söz başyly habarynda, BMG-nyň Galkynyň programasy bilen sosial jogapkärçilik taslamalaryny dowam etdirýän Galatasaraýyň Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Fatih Terimiň goldaw bermegi bilen 17-nji maýda ägirt uly çäräni geçirmegi meýilleşdirýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.  Gazet Galatasaraý futbol toparynyň 2000-nji ýylyň 17-nji maýynda UEFA kubagyna eýe bolmagy mynasybetli her ýyl 17-nji maýda Galatasaraý baýramy hökmünde bellenilip geçiljekdigine ünsi çekýär. Habarda şol sebäpli şu ýyl ady belli ençeme futbolçynyň Stambula geljekdigi we duşuşyk geçirjekdigi bellenýär.



Degişli Habarlar