Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

691032
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan Rutte demokratiýany öwrensin, hojaýyn halkdyr” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutteniň “Gollandiýanyň hojaýyny biz”diýen sözlerine berk garşylyk görkezendigini ýazýar.

Ruttä “Sen demokratiýa düşünmänsiň. İlki demokratiýany öwren” diýip jogap beren Prezident Erdogan “Meniň ýurdumyň hojaýyny halkdyr. Men hojaýyn diýmek bilen halkyňa sarpa goýmaýarsyň. Biz ýurdumyzda asla hojaýyn bolmadyk we Rutte muny öwrensin. Biz halka hyzmat etmäge geldik” diýip belledi.

Prezident Erdogan ertir Gollandiýada geçiriljek umumy saýlawlarda ses berjek türk saýlawçylaryna hem Türkiýä ýakyn bolan dalaşgäre ses bermeklerini maslahat berdi.

“Haber Türk” gazeti “Gollandiýada bilen gatnaşyklar saklandy” söz başyly habarynda Gollandiýanyň türk ministrlerine garşy gelşiksiz hereketleri sebäpli başdan geçirlen krizisden soň  Gollandiýa bilen ýokary derejeli gatnaşyklaryň saklanandygyny ýazýar.

Zähmet rugsadynda bolan Gollandiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Türkiýä gelmegi gadagan edildi.

Resmi sapar bilen Türkiýä geljek diplomatlaryň saparlary goý bolsun edildi. Gollandiýa goýberen ýalňyşyny düzedýänçä diplomatik uçuşlar saklandy.

TBMM bilen Golandiýanyň Parlamentiniň arasyndaky Dostluk toparynyň Türkiýedäki bölüminiň dargadylmagy we Dostluk toparyň ýapylmagyny maslahat berýän karar kabul edildi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Bosgunlar şertnamasynyň bes edilmegi gün tertibinde” söz başyly habarynda  Ýewropanyň Türkiýä garşy çemeleşmesi sebäpli Ankaranyň  herekete geçendigini ýazýar.

ÝB-niň bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi meselesinde baglaşylan şertnamanyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeýändigi sebäpli şertnamanyň bes edilmegi meselesi hem gün tertibine getirildi.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda 2016-njy ýylyň 18-nji martynda baglaşylan şertnamanyň çäginde Türkiýeden Ýewropa bosgun akymynyň saklanmagy. Bosgunlaryň yzyna kabul edilmeginiň öwezine türk raýatlarynyň ÝB-ne agza ýurtlarda erkin syýahat etmegi üçin wiza ulgamynyň bes edilmegi we Türkiýedäki bosgunlar üçin maliýe godlawynyň berilmegi ýaly wadalaryny ýerine ýetirmändigi sebäpli şertnamanyň bes edilmegi meselesini gün tertibine aldy.

“Sabah” gazeti “Gapymyzda ýalwaran günlerini unutdular” söz başyly habarynda 16-njy asyryň ikinji ýarymynda İspaniýa garşy göreşen gollandiýalylaryň Ýewropadan ýeterlik goldawy alyp bilmändikleri sebäpli Osmanlydan kömek soramakdan başga çäre tapyp bilmändiklerini mälim edýär.

Gollandiýalylar ispanlara garşy göreş üçin Osmanlydan kömek sorady. Golandiýaly protestanlar türkler bilen hyzmatdaşlyk etmekden buýsanýandyklaryny görkezdiler. Türk baýdagyndaky aý-ýyldyzdan ylham alyp papaklarynyň ýüzüne “Papaçy däl eýsem türk bol” diýip ýazdyrdylar. Osmanly döwleti 17-nji asyryň başlarynda patyşa tabyn bolan Gollandiýanyň Ortaýer deňzinde söwda etmegine rugsat berdi.



Degişli Habarlar