Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

686194
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazet, “Germaniýa uly garşylyk” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň “ Men Germaniýa giderin, meni Germaniýa almasaňyz dünýäni herekete geçirerin” diýen sözlerine Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeliniň goldaw berendigini ýazýar.

Türk ministrleriniň Germaniýada geçirjek maslahatlarynyň goý bolsun edilmegine garşylyk görkezen Bahçeli, “Jenap Erdogan eger Ýewropa gitmek isleýän bolsa ýalňyz däldir” diýdi.

Dewlet Bahçeli “Milletçi hereket partiýasynyň başlygy hökmünde Prezident Erdogan bilen birlikde Ýewropa giderin”diýip belledi.

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn hem Prezident Erdoganyň Germaniýa hakyndaky beýanatyna goldaw beren Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Bahçelä öz minnetdarlygyny bildirdi.

“Haber Türk” gazeti “Erdoganyň syýasy geljegi sebit üçin möhüm” söz başyly habarynda Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Emmanuel Nahşynyň Türkiýede 16-njy aprelde geçiriljek referendum bilen ýakyndan gyzyklanýandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Gazet Prezident Erdoganyň sebitde esasy rol oýnaýandygyny aýdan Nahşynyň “Erdoganyň syýasy geljegi Ýakyn Gündogaryň geljegi taýdan hem möhüm” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Nahşyn Siriýadaky dartgynlygyň çözülmegi, energetika syýasatlary we howpsyzlygyň durnuklylygy taýdan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin Erdoganyň syýasy geljeginiň sebit ýurtlaryny ýakyndan gyzyklandyrýandygyna ünsi çekýär.

“Star” gazeti “Ösýän türk ykdysadyýeti käbir ýurtlary biynjalyk edýär” söz başyly habarynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Mehmet Müezzinoglynyň  Türkiýäniň “Dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurdunyň hatarynda ýer alaryn” diýen beýanatynyň käbir ýurtlary biynjalyk edýändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Ministr Müezzinogly käbir töwerekleriň Türkiýäni durnuksyz ýagdaýda getirmäge synanşýandygyna garamazdan Türkiýaniň durnukly ýagdaýda ösýändigini aýtdy.

Täze ýylyň ilkinji üç aýynda iş mümkinçiliginiň artandygyny aýdan Müezzinogly, 2016-njy ýyldaky terrorçylykly hüjümleryň we agdarlyşyk synanşygynyň durnuklylygy bozup bilmändigini nygtady.

“Ýeni Şafak” gazeti Türkiýäniň Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TIKA arkaly dünýäniň çar tarapynda zenanlaryň iş mümkinçiligi üçin hünärmen kurslaryny açýandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň wepaly janköýerleri türkler” söz başyly habarynda Türk Telekomyň täze reklama kampaniýasynda oýnaýan İspaniýanyň meşhur Real Madrit komandasynyň portugaliýaly futbolçysy Ronaldonyň Türkiýäniň we türk halkyny halaýandygyny ýazýar.

Meşhur futbolçy Ronaldo “Türk janköýeler dünýäniň wepaly janköýerleri. Birnäçe gezek Türkiýä gitdim we gysga wagtda dynç almak üçin ýene-de gitmek isleýärin”diýdi.

 



Degişli Habarlar