Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.02.2017

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

674579
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.02.2017

Star gazedi: “Rakka üçin ýokary derejeli harby maslahat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Goranmak ministri Fikri Yşygyň NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin baran Belgiýanyň paýtagty Brýusselde metbugat ýygnagyny geçirendigini mälim edýär. Gazet Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde Siriýada dowam etdirilýän Al Bab operasiýasy barada: “Dolulygyna gabaldy, şäheriň içi saplanýar. Azat Siriýa goşuny we türk esgerler terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylary şäherden saplamak üçin tagalla edýär” diýendigini belleýär. Gazet Türkiýäniň Al Babdan soň ünsüni Manbije we Rakka gönükdirjekdigine ünsi çeken Fikri Yşyk ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Ýozef Dunfordyň şu gün Ankarada Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Hulusi Akar bilen duşuşjakdygyny belläp: “Rakka operasiýa bilelikde geçirilip-geçirilmejekdigi ara alynyp maslahatlaşylar, tehniki işler alynyp barylýar” diýendigini nygtaýar.

Sabah gazedi: “Pars aýlagynyň infrastrukturasy türklere amanat” söz başyly habarynda, 34 ýylda 113 ýurtda 335 milliard dollarlyk taslamany durmuşa geçiren türk gurluşyk pudagynyň daşary ýurtlarda marka bolmagyny dowam etdirýändigini habar berýär. Gazet Saud Arabystanynda gurluşygy dowam edýän Mekke, Jidde, Şa Abdullah Ykdysadyýet şäheri we Medine şäherlerini biri-birleri bilen birleşdirjek 450 km uzynlygyndaky Haremeýn ýokary tizlikli otly taslamasynyň çägindäki Medine ýokary tilzikli otly bekediniň ulanylmaga berilendigini beýan edýär. Habarda resmi sapar bilen Saud Arabystanynda bolan Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Medinede Nebewi metjidini zyýarat edeninden soň, Medinedäki otly bekedine baryp görendigi ýazylýar.

Hürriýet gazedi: “Singapur modeli bilen 25 milliard dollar” söz başyly habarynda, Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Faruk Özlüniň öňümizdäki hepde Ykdysady koordinasion geňeşine hödürlejekleri Önümçilik özgertmeleri pakedi bilen adamlaryň senagat zolaklaryny gurmaklarynyň öňüniň açyljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Singapuryň Jurong adasynda gurulan senagat zolagyna meňzeş zolaklaryň Gara deňizde Trabzon we Filýos diýilen ýerlerde, Günorta Maramaraýda Balykesirde, Egeý deňizinde Çandarlyda we Adanada Jeýhan senagat zolaklarynyň guruljakdygyny aýdan Faruk Özlüniň: “Singapurda senagat zolaklarynyň pul dolanşyklary 50 milliard dollar bolýan bolsa, biziňkiler hem 25 milliard dollar bolsun” diýendigine ünsi çekýär.

Watan gazedi: “Merkez rubl bilen rediskont kreditini berer” söz başyly habarynda, Deniz bankyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Hakan Ateşiň Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň rublda rediskont kreditini bermegi meýilleşdirýändigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Ateşiň Hytaý bilen hem ýuanyň üsti bilen ylalaşyk gazanylandygyny, rubl bilen rediskont kreditiniň berilmäge başlanmagy bilen syýahatçylyk pudagynyň işgärlerine has düşewüntli boljakdygyny belländigini nygtaýar.

Haber Türk gazedi: “Türk gyzynyň oba-hojalyk robody dünýäde 2-nji” söz başyly habarynda, Taýwanda 23 ýurtdan 247 taslamanyň gatnaşmagynda geçirilen Taiwan International Science fuarynda Türkiýä wekilçilik eden Alara Güleriň Tohumbot diýip at dakan Oba-hojalyk robodynyň dünýä boýunça 2-nji oruna eýe bolandygyny habar berýär.



Degişli Habarlar