Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

654958
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Rus we iňlis uçarlary  Al Babda DAİŞ-i bombalady” söz başyly habarynda, Baş ştabyň terror guramasy DAİŞ-e garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gol çekişilen ylalkaşyga laýyklykda rus harby uçarlarynyn Siriýanyň Al Bab etrabynyň günortasynda anyklanan pozisiýalary bombalandygyny beýan edendigini ýazýar. Gazet rus harby goşunyndan korpus generaly Sergeý Rudskoýyň bolsa Russiýa bilen Türkiýäniň Siriýada terror guramasy DAİŞ-iň ýerleşýän pozisiýalaryna howa operasiýasyny gurandygyny nygtap, üstünlikli netijeleriň alynandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “140 milliard dollarlyk Katar pursady” söz başyly habarynda, Kataryň türk firmalaryny maýa goýmaga çagyrandygyny ýazýar. Habarda 2022-nji ýylda geçiriljek Bütindünýä kubogy üçin 140 milliard dollarlyk maýa goýmagy meýilleşdirýän Kataryň türklere ähli maýa goýum we hyzmatdaşlyk ýeňilliginiň dörediljekdigini beýan edendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär. Türkiýäniň Birleşmeler we Palatalalar Bileleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçiren Kataryn Söwda we Senagat Birleşmesiniň başlygy Şeýh Halifa bin Žassim Al Taniniň “Kiçi we orta ululykdaky senagat pudagyny ösdürmegi maksat edinýäris. Bu ugurda Türkiýe diýseň üstünlikli. Hyzmatdaşlyk etmegi nazarda tutýarys” diýen sözleri çap edilýär.

“Watan” gazeti “İlkinji ýerli fyrkatyň gurluşygyna başlanar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji milli fyrkatynyň gurluşygyna şu gün dabara bilen başlanjakdygyny mälim edýär. Gazet fyrkatyň ilkinji kebşirleýiş işiniň Milli goranmak ministri Fikri Yşyk we Deňiz güýçleriniň serkerdesi general Bostanogly tarapyndan ýerine ýetiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Uzynlygy 113 metre barabar bolan fyrkatyň gurluşygy 3 ýyl 10 aýda tamamlanar.

“Star” gazeti “1915 Çanakgala köprüsine ägirtler talap bildirýär” söz başyly habarynda, Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslanyň Dardanel bogazyynda geçiriljek “195 Çanakgala köprüsi” üçin 4 sanysy ýapon, 3 sanysy hytaýly, 2 sanysy koreý, 1 sanysy italian jemi 24 firmanyň bäsleşik delosyny satyn alandygyny aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar