Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

653206
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Stambul hüjümçisi tussag edildi” söz başyly habarynda, täze ýyl gijesi Stambulda Reina atly gijeki klubda 39 adamy öldüren 1983-nji ýylda Özbegistanda dogulan Abdülgadir Maşaripowyň şäherde geçirilen operasiýada tussag edilendigini mälim edýär. Gazet operasiýanyň netijesinde yrakly 1 erkek adam bilen daşary ýurtly 3 zenanyň hem tussag edilendigini belleýär. Habarda Maşaripowyň tussag edilmezligi üçin negr aýallary ulanandygy, tussag edilenleriň ählsiniň şol ýerde eýýäm ençeme wagt bäri galýandyklary habar berilýär. Gazet Maşaripowyň tussag edilmegi üçin Stambulyň Içeri işler müdürliginden 1000 adamdan ybarat ýörite toparyň iş alyp barandygyny beýan edýär.

Star gazedi: “Türkiýäni söýýäris” söz başyly habarynda, karýeralaryny Türkiýede dowam etdirýän daşary ýurtly manekenleriň we modelçileriň terrorçylykly hüjümler arkaly Türkiýä garşy edilmek islenýän propoganda garşy jemlenendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet daşary ýurtly modelçileriň iňlis dilinde taýarlan wideolarynda: “Türkiýäni söýýäris. Gorkmaň bu ýere geliň. Bu ýer örän owadan ýurt” diýendiklerini nygtaýar. Habarda manekenleriň bu wideosynyň gysga wagtyň dowamynda ençeme adam tarapyndan görülendigi we örän halanandygy ýazylýar.

Sabah gazedi: “PKK-nyň ölüme ýollaýan çagalary” söz başyly habarynda, terror guramasy PKK-nyň ene gujagyndan alyp gaçyp, daga äkidýän çagalarynyň suratlarynyň, atlarynyň we ölen wagtlarynyň taýarlanan hasabatda görkezilendigini belleýär. Gazet hasabatda çagalaryň PKK tarapyndan jynsy we fiziki zorlanma sezewar bolýandygyna ünsi çekýär. Gazet PKK-nyň çaga terrorçylara pul berjekdigi barada söz berilýändigi bellenýän hasabatda gowaklara ýerleşdirilen çagalaryň asuda wagtlar çukur gazmak, kir ýuwmak, nahar bişirmek we nobat tutmak ýaly işlerde ulanýandyklaryny, guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gowy gören gyzlaryny ulanýandyklaryny habar berýär.

Watan gazedi: “Türkiýäniň ykdysady infrastrukturasy berk” söz başyly habarynda, Maliýe ministri Naji Agbalyň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň parlamentarlarynyň berkdigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýäniň ençeme artykmaçlyga eýedigini we ähli global deňagramsyzlyklara garamazdan Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ösmegini dowam etdirendigini bellän Agbalyň : “Türkiýe hökmünde ähli howplara garşy ösüş derejesini ýokarlandyrmak, iş ýerleriň sanyny artdyrmak, işsizligi azaltmak we iň möhümi bolsa inflýasiýany has pes derejä ýetirmek hökümet hökmünde biziň iň uly jogapkärçiligimizdir. Soňky birnäçe aýa garanymyzda ykdysadyýetiň ösýändigini görüp bolýar” diýendigini beýan edýär.

Ýeni Şafak gazedi: “DKTR Şanhaýa agza bolsun” söz başyly habarynda, Türkiýe Energetika strategiýalary we syýasatlary ylmy-derňew merkeziniň başlygy Oguzhan Akýeneriň Kipr meselesine çögüt tapmak babatynda energetika taýdan ser salynanda eger çözgüt tapylman halatynda Türkiýäniň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyndaky pozisiýasyny we Russiýa ýakynlygyny ulanyp DKTR-nyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlar tarapyndan tanalmagy babatynda işe girişmäge başlamalydygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Akýeneriň: “DKTR Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna girip biler, hat-da guramanyň esasy agzalaryndan biri bolup biler. Deňizde russiýaly we hytaýly uly nebit kärhanalary bilen bilelikde gözleg geçirip biler” diýendigni nygtalýar.



Degişli Habarlar