Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik metbugat organlarynda giň seslenme döredýär

645761
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazeti: “Gahrymanymyz” söz başyly habarynda, Izmirde Kazyýet binasyna bomba ýüklenen ulag, granat, ýaraglar bilen hüjüm guramagy meýilleşdiren terrorçylary gören Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgäri Fethi Sekiniň uly bir pajyganyň öňüni alandygyny mälim edýär. Gazet oklary gutarýança çenli söweşen gahryman Fethi Sekiniň 1 terrorçyny öldürendigini belleýär. Habarda çaknyşykda Fethi Sekiniň we Musa Janyň şehit bolandygy ýazylýar.

Hürriýet gazeti: “Meýdana çykdyk oýuny bozduk” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Ankarada Keçiören metrosynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: “Erkek ýaly öňümize çykyp bilmeýänler terror guramalary bilen janymyzy ýakmagy, bize arkadan pyçak bilen sünçmegi meýilleşdirýärler. Bizi bir wagtlar terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşmeýär diýenler, indi bolsa öňümize çykyp öte gitmäň diýmekleri ýöne ýere däl. DAIŞ-e garşy başga bir terror guramasyny goldaýanlaryň oýunlary we bahanalary Türkiýäniň meýdana çykmagy bilen puç boldy we boşa çykdy” diýendigini habar berýär.

Sabah gazeti: “Herekede geç Türkiýe” söz başyly habarynda, terrory näletleýän ady belli 3 zenanyň Tülin Şahiniň, Ýeşim Salkymyň we Emina Sandalyň bolup geçýän terrorçylykly hüjümler sebäpli gynanç bildiriýändiklerini, emma erbetlikleri ýeňmegiň öz elimizdedigini aýdandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Emina Sandalyň: “Bu ýer biziň ýurdumyz. Hiç ýere gitmeris. Hemişe bu ýerde ýaşaryn” diýen bolsa, Ýeşim Salkymyň: “Köçelere çykarys. Bu ýer biziň ýurdumyz, başga Türkiýe ýok. Käbir töwerekleriň gorky salmagyna rugsat bermeris” diýendigini, Tülin Şahiniň bolsa: “Dik bolup aýakda durmalydyrys. Bu ýurduň yşyklary sönmez. Doganlyk üstün çykar, durmuş dowam eder” diýendigini nygtaýar.

Watan gazeti: “Katar bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär” söz başyly habarynda, Kataryň soňky 10 ýylda Türkiýä 19 milliard dollarlyk gönüden maýa goýandygyny mälim edýär. Habarda Türkiýäniň Kataryň maýa goýan ýurtlarynyň arasynda 4-nji orundadygy, maksadyň bolsa 35 milliard dollar bilen 1-nji orundaky Fransiýanyň öňüne geçmekdigi beýan edilýär. Gazet 18-20-nji aprel aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriljek EXPO Turkey by Qatar atly umumy fuar bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň, söwda kuwwadynyň has hem ulalmagynyň maksat edinilýändigine ünsi çekýär.

Star gazeti: “THÝ 30-njy martda Harkow şäherine saparlaryny başladar” söz başyly habarynda, 119 ýurtdaky 295 aýry nokada uçýan THÝ-nyň Ukrainanyň bilim, medeniýet we senagat şäheri hökmünde tanalýan Harkow şäherine uçar saparlaryny başlatjakdygyny habar berýär. Gazet 30-njy martdan başlap hepdäniň 4 güni Harkowa saparlar gurajak THÝ-nyň 30-njy maýdan başlap bolsa saparlaryň sanyny 1 hepdede 7-ä ýetirjekdigini belleýär.



Degişli Habarlar