Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

642383
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazeti: “Hyýanatçylykly hüjüm, hyýanatçylykly stanok” söz başyly habarynda, Türkiýäniň täze ýyla hyýanatçylyk bilen guralan terrorçylykly hüjüm bilen girendigini mälim edýär. Gazet Stambul şäheriniň Beşiktaş etrabynyň Ortaköý etrapçasynda täze ýylyň ilkinji sagatlarynda, has takygy 01:15-de guralan terrorçylykly hüjümde 39 adamyň ýogalandygyny, 4-siniň ýagdaýy agyr bolan 69 adamyň bolsa ýaralanandygyny beýan edýär. Habarda Türkiýäniň gije klubyndaky terrorçylykly hüjüme garşy jebis bolandygy, bular ýaly gamgyn wakalara garamazdan jemgyýeti bölmäge synanyşýan töwerekleriň täzeden sahna çykandygy bellenýär.

Watan gazeti: “Kalaşnikowly haýyn” söz başyly habarynda, täze ýylyň ilkinji sagatlarynda Stambulyň Ortaköý etrapçasyndaky kluba giren terrorçynyň ilki bilen gapynyň agzyndaky goragçylary öldürendigini, ondan soň bolsa klubyň içine girip, täze ýyl baýramyny bellemek üçin gelen adamlary nyşana alyp, atmaga başlandygyny habar berýär. Gazet ol ýerdäki 800 adama kalaşnikow tüpeňi bilen 5 minutdan gowrak wagt boýunça 6 magazinini boşaldan terrorçynyň üstündäki eşiklerini çalyşanyndan soň bolsa adamlaryň arasyna girip, gaçandygyny nygtaýar.

Sabah gazeti: “Erdogan: Bu hapa oýunlara geçit ýok” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Stambuldaky terrorçylykly hüjümi ýazgarýandygyny belläp: “Stambuldaky wagşylyk bilen guralan hüjüm terroryň tapawut goýmazdan gan dökmegi, janlary almagy maksat edinýändigini orta goýdy. Emma millet hökmünde jebis bolup, bu hapa oýunlara hiç wagt geçit bermeris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet terrora garşy göreşini dowam etdirýän Türkiýäniň raýatlaryň howpsyzlygyny we asudalygyny üpjün etmek üçin gerek bolan ähli çäreleri görjekdiklerini bellän Prezidentiň: “Howplary ýüze çykan ýerinde ýok ederis” diýendigine ünsi çekýär.

Haber türk gazeti: “Türkiýä we adamzada garşy hyýanatçylykly hüjüm” söz başyly habarynda, ýere, adama, ynanja tapawut goýmaýan terrorçylykly hüjüme Türkiýeden we dünýäniň dört künjeginden nägilelik bildirilýändigini mälim edýär. Gazet ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň Türkiýäni goldaýandygyny aýdandygyny, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hüjümden soň Prezident Erdogana gynanç bildirip: “Umumy wezipämiz terrorçylykly hüjümlere garşylyk görkezmek” diýendigini, Ýewropa Parlamendiniň başlygy Martin Şulzyň bolsa: “Ýüregim Stambul we Türkiýe bilen” diýip ýazandygyny belleýär. Habarda işewür dünýäniň, syýasatçylaryň, sungat işgärleriniň bolsa “Boýun egmeris” diýip nägilelik bildirendikleri ýazylýar.

Hürriýet gazeti: “Sport dünýäsinden terrora nälet” söz başyly habarynda, Federasiýalaryň, klublaryň we türgenleriň Stambulda gije klubyna guralan we 39 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgarandyklaryny habar berýär. Gazet başda Fenerbahçe, Galatasaraý, Beşiktaş we Trabzonspor klublary bolmak bilen Sport Toto super ligasyndaky ähli toparlaryň, Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň, Türkiýäniň Basketbol federasiýasynyň we Türkiýäniň Woleýbol federasiýasynyň hüjümi ýazgarandyklaryny beýan edýär.



Degişli Habarlar