Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

626057
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Prezident Erdogan: Degişli çäre görmeseňiz essesi bilen jogap bereris” söz başyly habarynda, Przident R.T.Erdoganyň Prezidentiň kompleksinde arçynlar bilen geçiren duşuşygynda Germaniýada bolýan myhmanhanasynda pasportyny we beýleki dokumentlerini ogurladan Mejlisiň başlygynyň orunbasary Aýşebur Bahçekapylynyň howa menzilinde nemes polisleri tarapyndan saklanmagyna garşylyk görkezendigini ýazýar. Gazet Prezident Erdoganyň: “Sen terrorçyny alyp, öz ýurduňda myhman edýärsiň. Emma bu ýurduň Mejlisiniň başlygynyň orunbasaryny we wekiliýetini gapynyň öňünde birnäçe sagatlap garaşdyrýarsyň. İndi olara-da şeýle çemeleşmeli bolmazmy? Ondan soň Erdogan dikdator bolýar. Sen meniň Mejlisimiň başylygynyň orunbasaryna şeýle çemeleşseň men hem sana şeýle çemeleşmeli bolaryn” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “ÝB Türkiýesiz howpsyzlygyny üpjün edip bilmez” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Russiýa saparynda ÝB-ne ýüzlenme berip: “ÝB-ne agzalyk ýüz tutmamyzyň yzyna alynmagy barada karar kabul edilmedi. ÝB-niň biziň üçin däl, emma öz geljegi üçin edýän işlerini seljermegi ýerlikli bolar. Eýsem Ýewropanyň geljegi we howpsyzlygy Türkiýesiz mümkin däl. Şol sebäpli hem kararlaryny kabul edýärkäler gowy pikirlensinler” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “İlkinji ýerli elektrik awtobus ýola düşdi” söz başyly habarynda, merkezi Türkiýede ýerleşýän awtoulag firmasynyň we Türk goranyş senagatynyň esasy firmalaryndan biri bolan ASELSAN-nyň bilelikde öndürjek ilkinji ýerli elektrik awtobusynyň tanyşdyrlandygyny we 2017-nji ýylda ulanylmaga beriljekdigini ýazýar. Habarda Awenue EW marka awtowusyň 8 minutda doly şarž edilip, 50-70 kilometr ýol geçmäge ukyplydygy mälim edilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Aýlag banky BBK Türkiýede” söz başyly habarynda, Bahreýniň esasy banklaryndan biri bolan “Bank of Bahrain and Kuwait” bankynyň Türkiýede şahamça açandygyny, Bahreýn şalygynda, Kuweýtde, Hindistanda we Dubaide iş alyp barýan, halkara bankçlylyk departamenti arkaly hem iş alyp barýan BBK-niň Türkiýede açan şahamçasy bilen Türkiýe bilen sebitiň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we iş mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna goşant goşmagyna garaşylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar