Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

623684
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Öz oýunymyzy oýnarys” söz başyly habarynda, Kaýseri welaýatynda jemi düşýän gymmaty 587 million lira barabar bolan 30 karhanany we hyzmat ediş edarasyny açan Prezident R.T.Erdoganyň Russiýa, Hytaý we Eýran bilen ediljek söwda gatnaşyklarynda milli pul birlikleriniň ulanylmagy üçin gepleşikleriň geçirilýändigini nygtap: “Oýunlara garşy öz oýunymyzy oýnarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Premýer ministr Binali Ýyldyrmyň bolsa Russiýa sapar gurajakdygyny, sebitde gepleşikleriň geçiriljekdigini aýdan Eroganyň: “Olar bilen söwda gatnaşyklarymyzy milli pul birliklerinde etmek üçin işe girişeris. Ýagny olardan bir zat aljak bolsak olaryň puly bilen, olar bizden aljak bolsalar biziň pul birligimiz bilen alarlar. Merkezi bankymyza görkezme berdik. Şonuň üçin bu oýunlar başa barmaz” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Çawuşogly: “Daşary syýasatda alternatiwa köp bolmaly” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Liwa saparyna ýoldaşlyk eden žurnalistlerin soraglaryna jogap berýärkä “Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy” baradaky diskussiýalar barada: “Maksat köp ugurly daşary syýasat. Alternatiwa elmydama köp bolmaly” diýendigine ünsleri çekýär. Habarda haýsydyr bir tarapa mätäç bolunmaly däldigini nygtan Çawuşoglynyň ÝB-ni mysal görkezendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Sabah” gazeti “Rus uçaryny urup düşürmek üçin görkezme beren FETÖ-çi kapitandan” söz başyly habarynda, russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň alymy Ruslan Kurbanowyň 2015-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Siriýa serhedinde urlup düşürilen rus harby uçaryny urup düşürmek baradaky buruk bilen bagly: “24-nji noýabrda rus uçaryny kim urup düşürdi? Görkezmäni kim berdi? Şol görkezmäni ne Prezident ne-de Premýer ministr berdi. Ony İnjirlik bazasynda nobatçy bolan kapitan berdi. Şol kapitan Fetullah Güleniň adamydy. FETÖ Merkezi razwedka gullugynyň jansyzlar tory. Onlarça ýylyň dowamynda döwletiň içine siňdidiler. Fetullah Güleniň ABŞ-da ýaşaýyş rugsadyny almagyna şol gulluk kömek etdi. Agdarlyşyk synanşygynda-da İnjirlik bazasy Truwa aty ýaly pozisiýa eýeledi. Russiýa bilen Türkiýäniň arasyny bozmaga synanşdylar” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýede öndürilen gibride uly gyzyklanma” söz başyly habarynda, Toýota C-HR-e bolan islegiň diýseň artandygyny, 15-nji noýabrda satuwa çykarylan ulagyň 2 hepde-de 1016 sany satuw amala aşyrandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar