Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

615472
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazeti: “Biz terror guramalary bilen dünýäniň arasynda diwar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Stambulda NATO-nyň Parlamentar Assambleýasynyň güýzki sessiýasynda eden çykyşynda howplaryň globallaşan we güýç deňagramlylyklaryň üýtgän bular ýaly bir döwürde howplaryň ortadan aýrylmagy we pursatlaryň bähbitlere öwrülmegi üçin meseleleriň giňişleýin ara alynmalydygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýäniň terror guramalary bilen başda Ýewropa bolmak bilen dünýäniň galan bölüminiň arasynda diwar wezipesini ýerine ýetirýändigini bellän Erdoganyň: “Eger biz bu göreşde üstünlik gazanmasak, ýagny bu diwar ýykylsa terrorçylar sil ýaly bütin dünýäni oda berjekler we gana bulajaklar. Biz bu diwary gowşatmagyň ýerine, güýçlendireliň diýýäris. Terrora garşy göreş babatynda Türkiýä berilýän islendik goldaw ol ýurduň öz geljegini howpsyzlyk astyna almagyny üpjün etjekdir” diýendigini belleýär.

Haber Türk gazeti: “Russiýa we Hytaýdan ilkinji ýüzlenme” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň17-nji noýabrda Özbegistana guran saparyndan soň uçarynda metbugat işgärlerine Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmak bilen baglanşykly beren beýanatyna Russiýadan we Hytaýdan ilkinji jogap gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza 5 döwletiň Türkiýäniň agzalygyna goldaw berendigini nygtaýar. Habarda Russiýanyň parlamendiniň Goranyş komitediniň agzasy Alekseý Puşkow Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “Türkiýäniň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmagy Erdogan tarapyndan dogry ädim bolar. Gurama Ýewropa Bileleşiginden tapawutly, onuň ýerini almaz. Emma ÝB-den tapawutlylykda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy dolulygyna özbaşdak” diýen bolsa, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Gyng Şuangyň: “Türkiýe şonsyzam diýalog hyzmatdaşymyz, hyzmatdaşlygy has hem ösdürmek isläris” diýendigi ýazylýar.

Watan gazeti: “Financial Times: TürkExit bolarmy?” söz başyly habarynda, Britanýanyň Financial Times gazediniň Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň üstünde durup geçendigini habar berýär. Gazet Financial Times gazedine görä ÝB-niň Ankaranyň terrora garşy göreş kanunyna üýtgeşiklik girizmezligi sebäpli türk raýatlaryna wize erkinligini döretmezliginiň bir döwrüň ahyry bolup biljekdigini beýan edýär. Gazet “Prezident Erdoganyň öňümizdäki ýyl 2 aýry referendumyň geçirilmegi barada çagyryş berip biler. Ikinjisi bolsa ÝB-ne dalaşgärliginden çykmak, ýagny Türkexit çagyryşy bolup biler” diýen Financial Times gazediniň: “şonuň bilen baglylykda Türkiýäniň duýgur ykdysadyýetiniň bardygyny we  onuň bilen sazlaşyklydygyny, onuň bolsa Gümrük Birligi şertlerini täzelemäge we giňeltmäge dowam etmäge sebäp boljakdygyny” aýdandygyna ünsi çekýär.

Hürriýet gazedi: “Ysraýylyň Prezidenti Hindistandan ýüzlendi: Gadyrly dostum Erdogana salam” söz başyly habarynda, Hindistandaky Agrotech fuarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwliniň: “Türkiýe bilen dostlugymyzyň we gatnaşyklarymyzyň özgerjekdigini umyt edýärin, dostum Prezident R.T. Erdogana we türk halkyna salam” diýendigini mälim edýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Hürkuş ýaraglanýar” söz başyly habarynda, ýerli tälim uçary Hürkuşyň täze görnüşleriniň öndürilmäge başlanjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetiýär. Gazet Türk awiasiýasy we älem senagaty TUSAŞ tarapyndan Goranyş senagatynyň müdüriýetiniň ýolbaşçylygynda 10 ýyl dowam eden işlerden soň Hürkuş uçarynyň ýaraglandyrylan görnüşini öndürilmäge başlanjakdygyny belleýär.



Degişli Habarlar