Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

605359
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazeti: “Günbatar öz ahyryna taýarlyk görýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Stambul şäheriniň Üsküdar etrapçasyndaky Saglyk bilimleri uniwersitedine degişli hassahananyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Ýewropanyň terror guramasy PKK garşy pozisiýasyna nägilelik bildirip, Günbatar ýurtlaryň öz ahyryna taýarlyk görmäge başlandygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet bumerang ýaly aýlanyp, özlerine hem zeper ýetirjekdigini aýdan Prezident Erdoganyň: “Terror guramalaryna garşy ýörelgesiz, gapma-garşylykly, ikiýüzli pozisiýa şolaryň başynda gelýär. Bosgunlara garşy adamzat gymmatlyklaryna ters gelýän hereketler hem ýatdan çykarylmaly däl. Rasizm, yslama garşy duşmançylyk ýaly günbataryň taryhynda bar bolan hereketler ýaňadandan beýgelmäge başlady” diýendigine ünsi çekýär.

Star gazedi: “S&P hakykaty gördi, maýa goýumlar artar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Maliýe ministri Naji Agbalyň halkara derejelendiriş guramasy Standard & Pooryň (S&P) Türkiýäniň kredit derejesini “negatiwden” “kadala” ýokarladyp, “BB” derejesindäki kredit balyny güýçlendirmegi bilen Türkiýäniň strukturlaýyn özgerdişlere baglydygyny Standard & Poor tarapyndan hem kabul edilmeginiň wajyp bir hadysadygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Türkiýede maýa goýmak isleýänleriň Türkiýe bilen baglanşykly uly ynamynyň bardygyny aýdan Agbalyň ýurduň orta we uzak möhletli ösüş mümkinçiliklerini görýän ençeme maýadaryň Türkiýä gelip, maýa goýýandygyny aýdandygy nygtalýar.

Watan gazeti: “Eksportda 8 ýylyň rekordy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtomobil pudagynyň 2008-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri aý derejesinde iň ýokary eksport görkezijilerine eýe bolandygyny habar berýär. Gazet Uludag Awtobobil senagaty eksportçylar bileleşiginiň berýän hasabatyna görä ulag eksportynyň geçen ýylyň şol bir wagty bilen deňeşdirilende 8,2 göterim ösüp, 2 milliard 190 million dollara çenli ýokarlandygyny beýan edýär. Habarda pudagyň Türkiýäniň umumy eksportynyň 18,7 göterimine barabar bolandygy, pudagyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 10,8 göterim ösüş edip, 19 milliard 269 million dollara ýetendigi ýazylýar.

Ýeni Şafak gazeti: “ABŞ-ly Kuantum 3D mundan beýläk Hawelsanyň” söz başyly habarynda, Howa elektronik senagaty Hawelsanyň 1,5 ýyl dowam eden gepleşiklerden soň, ABŞ-daky Silikon jülgesinde ýerleşýän barýan Kuantum 3D firmasyny satyn alandygyny mälim edýär. Habarda Hawelsanyň dolanşyk geňeşiniň başlygy Ahmet Hamdi Atalaýyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän Silikon jülgesinde geçirilen dabarada eden çykyşynda tehnologiýanyň iň döwrebaby haýsysy bolsa, şony almaga synanyşýandyklaryny aýdandygy beýan edilýär. Gazet Amerikada tehnologiýa firmasyny satyn alan ilkinji kärhanadyklaryny aýdan Atalaýyň ýagdaýyň pudagyň beýleki kärhanalaryny ynjalyksyzlandyrandygyny aýdandygyna ünsi çekýär.

Sabah gazeti: “Liseýli Elifnaz sanjym saklama enjamy bilen dünýäde 1-nji boldy” söz başyly habarynda, mekdebiň 11-nji synpynda okaýan Elifnaz Şentürkiň maşgala lukmany bolup işleýän kakasyna sanjym saklamakda çekýän kynçylaryna çäre tapmak maksady bilen ýasan “Ýylatmak we sowatmak ulgamlaryny bir bada ulanyp tempeturany kadalaşdyrýan enjamy bilen taslama ýaryşynda dünýäde 1-nji oruna mynasyp bolandygyny habar berýär. Gazet Braziliýada geçirilen we 21 ýurtdan 400-e golaý taslamanyň bäsleşen Mostratek taslama ýaryşynda 11-nji klasda okaýan Şentürkiň material inženerçiligi uğrunda dünýäde 1-nji orun alandygyny belleýär.



Degişli Habarlar