Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

602942
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazeti: “Türkiýe we Afrika bir görnüşe garşy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Türkiýe-Afrika ykdysadyýet we işewürler maslahatynyň açylyş dabarasynda Günbatar ýurtlaryň globallaşmagynyň ýeke görnüşlidigini we ykdysadyýetiň ösüşi üçin ýeke-täk ýoluň Halkara pul gaznasy we Bütindünýä bankynyň kreditleri bilen ýokary prosent stawkalardygyny öňe sürmäge synanyşýandyklaryny aýdandygyny mälim edýär. Gazet “Ýogsam Türkiýäniň we Afrikanyň taryhy bular ýaly ulgama garşy bolmagyň we direnmegiň taryhydyr” diýen Prezident Erdoganyň: “Biz mundan 93 ýyl ozal Azatlyk ugrundaky göreşiň netijesinde, siz bolsa 1950 we 1960-njy ýyllarda antikolonial döwrüň ahyrynda ýurtlarymyzy uly bir garşylygyň üstüne gurduk. Biz ekspluatirlenen ýurtlar bolmagy ret etdik. Biz 2-njy synp adamlary bolmagy ret etdik. Biz ýer ýüzüniň näletlileri bolmajakdygymyzy bütin dünýä yglan etdik. Afrikalylar edil türkiýeli doganlary ýaly azatlyklaryny we haýyr-yhsan ýa-da merhemet bilen dälde gan bilen, jan bilen, diş we dyrnaklary bilen aldylar” diýendigini beýan edýär.

Watan gazeti: “Russiýada Siriýa we DAIŞ maslahaty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Hulusi Akar bilen Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimowyň arasynda düýn Moskwada geçirilen duşuşykda Siriýadaky çaknyşyklaryň çözgüdi we Halapdaky ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen terror guramasy DAIŞ howpyny ortadan aýyrmak ýaly meseleleriň üstünde durup geçilendigini habar berýär. Habarda Türkiýäniň Baş ştaby tarapyndan mesele bilen baglanşykly berilen beýanatda duşuşygyň oňýly ýagdaýda geçendigini aýdandygy bellenýär.

Haber Türk gazeti: “Awtomobil bazarynda oktýabr aýynda rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtomobil we ýeňil ulag bazarynyň 2015-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda 2014-nji ýylyň ilkinji 4 aýyna garanyňda 57,11 göterim ösendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda ulag distribýutorlary jemgyýetiniň Türkiýäniň ulag we ýeňil ulag bazarynyň 2015-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda ondan öňki ýylyň ilkinji 4 aýyna garanyňda 57,11 göterim ösüp, 264 850 ulagyň satylandygyny we bu derejäniň 2011-nji ýyldaky rekortdan hem geçendigini belländigi ýazylýar.

Sabah gazeti: “Contemporara uly gyzyklanma” söz başyly habarynda, döwrebap sungatynyň iň gowy nusgalaryny sungat muşdaklary bilen bir ýerde jemleýän Contemporary Stambul fuarynyň Stambul Kongres merkezi Lütfi Kyrdar halkara kongres we sergi köşgünde geçirilýändigini mälim edýär. Habarda geçen ýyl 86 müň adamyň gelip gören sergä bu ýyl has hem köp adamyň gelip görmegine garaşylýandygy nygtalýar. Gazet 20 ýurtdan 70 kartinanyň we 520 sungat işgäriniň 1500-den gowrak eseriniň sergilenýän Contemporary Stambul fuarynyň 6-njy noýabra çenli açyk boljakdygyny beýan edýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Meşhur golfçylar Antalýada bäsleşerler” söz başyly habarynda, dünýäniň tanymal golfçylarynyň Türk howa ýollarynyň hemaýatkärliginde geçiriljek ‘Turkish Airlines Open 2016’ ýaryşynda özara bäsleşjekdiklerini habar berýär. Gazet şu gün başlap 6-njy noýabrda tamamlanjak ýaryşda 78 golfçynyň 7 million dollarlyk sylag üçin bäsleşjekdiklerine ünsi çekýär.



Degişli Habarlar