Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

591782
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ankara taýarlykly” söz başyly habarynda, hyzmatdaş güýçleriniň Yrakda terror guramasy DAİŞ-iň gözegçiligindäki soňky merkez bolan Mosuly almak üçin uly operasiýa başladandygyny, Türkiýäniň Mosul opersaiýasynyň başlamagy bilen birlikde Yrak serhedinde berk howpsyzlyk çarelerini görendigini mälim edýär. Gazet ýüze çykjak göç ähtimallygy üçin degişli taýarlyklaryň görülendigini, Türk ýaragly güýçlerinin Mosul operasiýasy bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny, operasiýa türk esgerleri tarapyndan talim berilen “Ninowa sakçylaryndan” 2 müň adamlyk güýjüň gatnaşýandygyny ýazýar.

“Milliýet” gazeti “Garwarda ders bolan türk myhmanhanasy” söz başyly habarynda, “Hillsaýd Biç Klub” atly myhmanhananyň Garward Biznes Mekdebinde ders hökmünde okadylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda “Hillsaýd Biç Klubyň” 99 göterime barabar müşdire hoşallygy we dünýäde şeýle göwrümli desgalarda deňi-taýy görülmedik gaýtadan geliş mukdary bilen gazanan üstünligini “Ortaýer deňzi sebitinde iň gowy dynç alyşyny hödürlemek” atly işi bilen öwrenendigi, işiň dowamynda ýolbaşçylar we myhmanlar bilen söhbetdeş bolunandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Sabah” gazeti “Halapda gyrgynçylyk dowam edýär, asuda ilatdan 95 adam ýogaldy” söz başyly habarynda, Siriýanyň Halap şäherinde hökümete degişli güýçleriň gabawy astyndaky etrapda ýekşenbe we duşenbe günleri guralan howa hüjümlerinde täze doglan bäbekler bilen birlikde azyndan 95 adamyň ýogalandygyny, 200 adamyň ýaralanandygyny mälim edýär. Gazet Halapdaky Raýat goranyş edarasynyň ýolbaşçysy Nejip Ansariniň Russiýanyň we hökümetiň harby uçarlarynyň Halapda hökümete garşy durýanlaryň gözegçilik edýän ýerlerine bombaly hüjüm guraýandygyny aýdandygyny, Merkezi Londonda ýerleşýän Siriýa syn merkeziniň bolsa 22-nji sentýabrdan bäri dowam edýän howa hüjümlerinde 430 adamyň ýogalandygyny habar berendigini, soňky üç hüjüm bilen birlikde jemi sanyň 515-e ýetendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Grafika dünýäsi Stambula gelýär” söz başyly habarynda, Halkara grafika dünýäsiniň üstümizdäki aýyň 19-23-i aralygynda Stambulda geçiriljek Türkiýe Grafika hepdeliginde jemlenjekdigini, hepdeligiň 19-njy okýabrda Lütfü Kyrdar maslahatlar we sergiler köşkünde öz işine başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda grafikany senagat we eksport bilen duşuşdyrmagy maksat edinýän, ýurtda döredijiligi höweslendirmegi, medenýetli we düşünjeli nesliň ýetişmegine goşant goşmakdan ybaratdygy nygtalýar.



Degişli Habarlar