Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly beýan tapýar

575617
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogandan Baýdene PÝD dersi” söz başyly habarynda ABŞ-nyň terror guramasy PÝD-ä berýän goldawyny tankyt eden Prezident R. T. Erdoganyň, Wise-prezident Jo Beýdene ABŞ-nyň PÝD-ä Kobanide beren ýarag kömegi hakynda maglumat sorandygyny ýazýar.

Gazet  emma Baýdeniň “Mundan habarym ýok” diýendigi sebäpli Prezident Erdoganyň hem “Meniň habarym bar. Ozal hem şeýle waka başdan geçirildi we Kobana üç uçarlyk ýarag kömegi berildi. Şol ýaraglaryň ýarysy DAIŞ-e gitdi, ýarysy hem PÝD-de galdy”diýip garşylyk görkezendigini nygtaýar.

“Haber Türk” gazeti “FETÖ, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara zeper ýetirip biler” söz başyly habarynda Prezident Erdoganyň 15-nji iýulda agdarlyşyk etmäge synanşan FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna berilmegi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Gazet Prezident Erdoganyň Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda etmişlileriň yzyna berilmegi hakynda ýörite şertnamanyň bardygyny ýatladandygyna ünsi çekýär.

Gazet FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna berilmegi, tussag edilmegi ýada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat bermeginiň öňüniň alynmalydygyny nygtan Prezident Erdoganyň, ABŞ-nyň meselä biperwaý çemeleşmegini hem tankyt edendigini we bu tutumyň Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara zeper ýetirip biljekdine aýratyn ünsi çekendigini belleýär.

“Sabah” gazeti “Maýadarlar Türkiýä doly ynam bildirýär” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Nýu Ýorkda amerikaly işewür adamlary bilen duşuşandygyny okyjy köpçüliginiň dykkatyna ýetirýär.

Gazet Nýu Ýorkda 4 trilion dollarlyk sermaýa eýe bolan maýadarlara ýüzlenip çykyş eden Preziden Erdoganyň “Güýçli maliýe ulgamymyz sebäpli agdarlyşyk synanşygy türk ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirmedi we synanşykdan gysga wagt soň durnukly ösüş ýaňadandan başlady” diýendigini belleýär.

Gazet Erdoganyň agdarlyşyk synanşygyndan soň Citibank, First Republik Bank we Coca cola ýaly dünýä derejesinde iş alyp barýan barýan banklaryň we firmalaryň Türkiýä doly ynam bildirendigine ünsi çekendigini nygtaýar.

“Star” gazeti “15-nji iýul film däl hakykat” söz başyly habarynda Nýu Ýorkda geçirlen demokratiýa panelinde çykyş eden Prezident R. T. Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň dost ýurtlaryň terror guramasy FETÖ garşy ýeterlik derejede göreşmeýändigi hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gazet Emine Erdoganyň panelde eden çykyşynda  “şuňa meňzeş wakalar eýsem ABŞ-da başdan geçirlen bolsady nämeler bolardy” diýip ýüzlenendigini ýazýar.

Gazet Emine Erdoganyň “F-16 uçarlarynyň halkymyzyň üstüne bomba ýagdyrmagy film däl eýsem hakykat” diýendigini ýatladýar.

 

 



Degişli Habarlar