Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.09.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

565532
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.09.2016

Hürriýet gazeti: “Terror koridoryna geçelge ýok” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň düýn Hytaýda Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli kabul edendigini mälim edýär. Gazet G20 Liderler maslahatynda öň geçirilen duşuşykda Prezident Erdoganyň Ýewfrat galkany operasiýasy bilen baglanşykly maglumat berendigini belleýär. Habarda Siriýadaky krizisiň syýasy çözgüt bilen netijelendirilmeginiň, asudalygyň ýaňadandan ýola goýulmagy ýa-da terror guramasy DAEŞ we beýleki terror guramalar bilen täsirli göreş üçin möhümdigine ünsi çeken Prezident Erdoganyň Türkiýäniň günorta serhedi boýunça terror koridorynyň döredilmegine rugsat bermejekdigini aýdandygyny beýan edýär.

Haber Türk gazeti: “Türkiýe howpsyz zolagy döretdi” söz başyly habarynda, 24-nji awgustda başlan Ýewfrat galkany operasiýasynyň 12-nji gününde Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň goldawyny alan Azat Siriýa goşunynyň Türkiýe serhediniň golaýyndaky terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astynda bolan soňky Al-Kadi obasyny hem basyp alandygyny habar berýär. Gazet şeýlelik bilen terror guramasy DAEŞ-iň Türkiýe serhedi bilen arabaglanşygynyň galmandygyny we mundan soň Türkiýäniň Kilis şäherine raketalaryň atylmajakdygyny nygtaýar.

Sabah gazeti: “Stambulda Triennale zamany” söz başyly habarynda, bosgun krizisine ünsleri çekmek maksady bilen aglabasy bosgun bolan 40 sungat işgäriniň gatnaşmagynda III Halkara Stambul Triennale sergisiniň Taksim Respublikan Sungat galereýasynda öz gapylaryny açandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda “Ýurtsyzlaşmak” temasy bilen geçirilýän triennalede bosgun krizisine ünsler çekilýändigi ýazylýar. Gazet 3 ýylda 1 gezek geçirilýän we şu ýyl Aýşe Taşkent tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän triennalede Bahram Hažou, Fadi Ýazegi, Figen Baty, Farouk Muhammad, Uuur Özen, Aleksandra Farazin, Azad Karim, Şükrü Karakuş, Jem Mehmet Eren, Fyrat Erez we Koraý Sewindi ýaly 40 sungat işgäriniň gatnaşýandygyna ünsleri çekýär. Gazet III Halkara Stambul Triennale 3-25-nji sentýabr aralygynda mugut gatnaşyp bolýandygyny belleýär.

Watan gazeti: “Brexit üçin ýörelge” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meýiň irki saýlawlaryň geçirilmegi üçin çagyryş bermejekdigini belläp, ÝB-den çykmak etaby boýunça kyn pursatlary başyndan geçirilmegine taýarlykly bolunmalydygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarda Britaniýanyň BBC habarlar gullugynyň işgäriniň soraglaryna jogap beren Meýiň öňümizdäki hepdäniň dowamynda Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenen ýörelgäniň ýola goýulmaga başlanjakdygyny aýdandygy beýan edilýär.

Star gazeti: “Ýurduma buýsanýaryn” söz başyly habarynda, Stambul şäheriniň Harbiýe açyk howa konsertine çykyş eden meşhur aýdymçy Tarkanyň tanslaryny we aýdymlaryny eşiden adamlaryň ýatdan çykmajak pursatlary başyndan geçirendigini habar berýär. Gazet Tarkanyň konsertde: “Milletiň ýurduna eýe çykmagy meni örän begendirdi we men örän şat boldym. Ýurduma buýsanýaryn” diýendigini nygtaýar.



Degişli Habarlar