Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.08.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

558966
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.08.2016

“Haber Türk” gazeti “Ýefradyň günbataryna galkan” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Siriýa serhedinde Ýefrat derýasynyn günbatarynda ýerleşýän sebit boýunça halkara derejesinde beren duýdyryşlaryndan soň strategik ähmiýete eý ebolan Jarablus üçin harby operasiýa başladandygyny ýazýar. Gazet Prezident R.T.Erdoganyň Türk ýaragly güýçlerinin operasiýasyny “Yzgiderli häsýetde ýurdumyza howp salýan DAİŞ, PÝD ýaly terror guramalaryna garşy goşunymyz operasiýa başlatdy” diýen sözleri bilen okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “Ýefrat galkany” atlandyrylan operasiýanyň dowamynda guryýerden toplar we harby uçarlar bilen Azat Siriýa goşunynyň türk tanklarynyň goldaw bermeginde Siriýa girendigi, Jarablusyň agşam ara alynandygy mälim edilýär.

“Watan” gazeti “DAİŞ gaçýar, PÝD çekilýar” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň terror guramasy DAİŞ tarapyndan alynan Jarablusy yzyna almak we terror guramasy PKK-nyň bölümi bolan PÝD-ni Ýefrat derýasynyn gündogaryna serpikdirmek üçin siriýaly oppozisionerler bilen bilelikde herekete geçendigini ýazýar. Habarda “Ýefrat galkany” atlandyrylan operasiýa bilen sebitiň 12 sagadyň dowamynda DAİŞ-den saplanandygy nygtalýar. Gazet PÝD-nin “Ýefradyň gündogaryndan çekilýäris” diýip beýanat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Baýden Türkiýäniň şertlerini goldady: Kürt koridory açylmaz” söz başyly habarynda, Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Ankara gelen Amerikaly ilkinji ýokary derejeli ýolbaşçy Jo Baýdeniň Mejlise baryp görendigini, Prezident Erdogan tarapyndan kabul edilendigini, Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen duşuşandygyny ýazýar. Gazet Baýdeniň ÝPG-nin Ýefradyň gündogaryna çekilmän halaytnda ABŞ-dan goldaw almajakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Baýden: Bagyşlaň, käşgä has öňräk gelsedim” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdeniň agdarlyşyk synanşygynyň yz ýanyndan Türkiýä gelmänligi barasynda: “Amerikan halky siziň ýanynyzda. Barak Obama telefon edenleriň arasynda ilkinjileriň hataryndady. Türkiýäniň başdan geçiren agdarlyşyk synanşygyna gerek bolan reaksiýany görkezmänligimiz üçin ýörite geldim. Bağyşlan, käşga has öňräk gelen bolsadym” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Erdogan: Gülen tussag edilmeli” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň düýn ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdeni kabul edenden soň geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň terror guramasyny dolandyrýandygyna ünsi çekip, bu adam diňe tussag edilmek arkaly gözegçilik astyna alynyp bilinjekdigini aýdandygyna ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar