Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny 19.07.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýa

532540
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny 19.07.2016

Ýeni Şafak gazeti: “Millet nobatda” söz başyly habarynda, raýatlaryň Fethullahçy terror guramasyna agza esgerleriň harby agdarlyşyk synanyşygyna garşy ýurduň ähli ýerinde demokratiýa nobatyny durmaklaryny dowam etdirýändiklerini mälim edýär. Gazet Prezident Erdoganyň: “Howp entek bar, meýdançalary we köçeleri boş goýmaň” çagyryşyna gulak salan müňlerçe adamyň anna gününden bäri meýdanlary terk etmän, gijäni ol ýerlerde demokratiýa nobatyny tutmaklaryny dowam etdirýändiklerini belleýär. Habarda Garaşsyzlygyň nyşany bolan baýdaklar bilen meýdançalary we köçeleri dolduran adamlaryň ýanlary bilen şeýle hem ýazgyly şygarlary getirýändikleri beýan edilýär.

Star gazeti: “Uçarmanlardan berk garşylyk” söz başyly habarynda, FTG-nyň harby agdarlyşyk synanyşygynyň şowsuz bolmagyna şeýle hem ençeme esgeriň hem rolunyň uludygyny habar berýär. Gazet harby agdarlyşyga päsgel bolmak isleýän käbir esgerleriň uçarlara ýangyç we ok-däri ýüklemegi ret edendiklerini, uçarlaryň uçmagyna böwet bolmaga synanyşandyklaryny nygtaýar. Gazet harby agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşan ofiserleriň tarapyndan merkez hökmünde ulanylan Ankaranyň golaýyndaky harby howa bazasyndaky işgärleri aldap uçarlara bomba we ýangyç ýükletdirendiklerini beýan edýär.

Sabah gazeti: “Türk lirasy zarbany yzyna serpikdirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň bazarlarynyň anna gününiň agşamy 5 göterim ýokarlan dollaryň hümmediniň, soňky 8 ýylda iň çalt ýokarlanma eýe bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda dollaryň anna güni agşam 3,0157 lira çenli baryp ýetendigi, emma hepdäniň başynda 2,9263 lira çenli peselendigi ýazylýar. Gazet anna günündäki ýitgisiniň ýarsyndan gowragyny yzyna gaýtaran liranyň, öýländen soň biržadaky uly çekeleşigiň täsiri bilen 2,96 lira bolandygyny belleýär.

Haber Türk gazeti: “Öndürmäge we demokratiýa nobatyna dowam ederis” söz başyly habarynda, Türkiýäniň işewür dünýäsiniň 12 jemgyýetçilik guramasynyň harby agdarlyşyk synanyşygyna garşy umumy jarnama kabul edendigini mälim edýär. Gazet jarnamada: “Agdarlyşyk synanyşygynyň çökerdilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine oňaýly täsir etjekdigine ynanýarys. Biz iş dünýäsi hökmünde öndürmegi we nobata durmagy dowam etdireris” diýilýändigini nygtaýar. Habarda Koç, Sabanjy, Akfen, Kuzu Grup, Kibar Holding ýaly ägirtleriň maýa goýumlara dowam diýendigi aýdylýar.

Watan gazeti: “Rugsatsyz uçanlara garşy ot aç buýrugy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň buýrugy bilen ýurduň ähli ýerinde howpsyzlyk maksady bilen F-16 harby uçarlary bilen gözegçilik uçuşlarynyň başladylandygyny habar berýär. Habarda Stambulyň Içeri işler müdüri Mustafa Çalyşkanyň näbelli ähli dik uçarlara ot açmaga rugsat berendigi ýazylýar. Gazet Marmara sebitindäki uçuş gadagançylygynyň 22-nji iýula çenli uzaldylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar