Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny 12.07.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

527785
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny 12.07.2016

“Star” gazeti “Türkiýe dik durdy, ÝB egilşik etdi” söz başyly habarynda, ÝB-niň wiza erkinligi boýunça soňky pursatda öňe süren “Terroryň kesgitlemesiniň üýtgedilmegi” baradaky şertine Türkiýäniň çürt-kesik garşy durandygyny mälim edýär. Gaezt ÝB-niň resmileri bilen geçirilen gepleşiklerde terror kanununy ÝB-niň isleýşi ýaly üýtgetmegiň mümkin bolmajakdygynyň beýan edilendigini ýazýar. Habarda Türkiýä wize erkinligi üçin oňyn ýüzlenme ugradan ÝB Komissiýasynyň içeri işlerinden jogapkär agzasy Dimitris Awramapulosyň Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreş kanununy üýtgetmezlik baradaky pozisiýasyna düşünjelilik bilen çemeleşýändigini aýdandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Watan” gazeti “Russiýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy 10 milliard dollar getirer” söz başyly habarynda, Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda gatnaşyklaryň kadalaşmaga başlamagynyň ykdysadyýetde uçar dartgynlygyndan ozalky şertleriň ýaňadandan dikeldiljekdiginiň alamatlaryny ýüze çykarandygyny mälim edýär. Habarda Türk-rus gatnaşyklarynyň ýokary depginde kadalaşmagynyň azalan söwda, syýahatçylyk we ownuk söwda girdejileri göz öňünde tutulanda türk ykdysadyýetine 2 ýylda jemi 10 milliard dollar girdeji getirjekdiginiň hasaplanandygy nygtalýar.

“Sabah” gazeti “Diňmeýän göz ýaşy” söz başyly habarynda, Ýewropada 2-nji jahan urşundan soň başdan geçirilen agyr tragediýa hökmünde kabul edilýän we 8,372 boşnýagyň gyrylan Srebrenisa gyrgynçylygynyň täsirleriniň üstünden 21 ýylyň geçendigine garamazdan entegem dowam edýändigini ýazýar. Gyrgynçylykda öldürilen we köpçülikleýin gonamçylyklara gömülen gurbanlardan şahsyýeti anyklanan 127 adamyň düýn Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň gatnaşmagyndaky göz ýaşlary bilen Potoçari gonamçylygynda jaýlanandy. Şeýlelikde gonamçylyga jaýlanan gurbanlaryň sany 6,504 adama ýetdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe UNESKO berýän goldawyny iki esse artdyrar” söz başyly habarynda, Stambulda guralan UNESKO-nyň Bütindünýä Miras komitetiniň 40-njy maslahatynyň öz işini dowam etdirýändigini, maslahatyň ikinji gününde “Stambul jarnamasynyň” çap edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet jarnamada maliýe we adam serişdeleriniň ýetmezçiligi baradaky şertnamanyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň bökdelýändigi nygtalyp, degişli ýurtlaryň wagt ýitirmezden goşant goşmaklarynyň islenendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “NATO-nyň wekili: Türk-rus gatnaşyklarynyň kadalaşmagy NATO-ny rahatlandyrdy” söz başyly habarynda, Russiýanyň NATO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Aleksandr Gruşkonyň Türkiýe bilen Russiýanyň gatnaşyklarynyň kadalaşmagynyň NATO-ny rahatlandyrandygyny aýdandygyny ýazýar. “Rossiýa 24” teleýaýlymyna beýanat beren Gruşkonyň Türkiýäniň howa giňişligini bozan rus uçaryny urup düşürenden soň dessine NATO ýüz tutandygyny ýatladyp: “Görnüşe görä türk-rus gatnaşyklarynyň düýpli zyýan çekmeginden soň çykgynsyz ýagdaýa düşen NATO gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen eslije rahatlandy” diýdi.



Degişli Habarlar