Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.06.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

509840
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.06.2016

Ýeni Şafak gazeti: “ABŞ-da gyrgynçylyk 50 adam ýogaldy” söz başyly habarynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda düýn taryhynyň iň ganly hüjüminiň guralandygyny mälim edýär. Gazet Florida ştatynyň Orlando şäherinde ýarag bilen gije klubyna giren Omar Matten atly terrorçynyň 50 adamy öldürendigini, 53 adamy ýaralandygy bellenýär. Habarda 29 ýaşly we asly owganystanly bolan hüjümçiniň polisiýa işgärleri tarapyndan öldürilendigi nygtalýar. Gazet hüjümden ozal 911-e jaň eden Mateeniň terror guramasy DAEŞ-e degişlidigini aýdandygyny beýan edýär.

Sabah gazeti: “Ykdysadyýetde düýpli üýtgeýiş” söz başyly habarynda, hökümetiň ykdysadyýeti özgertjek täze ýol saýlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şoňa laýyklykda Türkiýeden öý satyn alan daşary ýurtlylara ilki ýaşamak üçin rugsadyň beriljekdigini, soňra bolsa raýatlyk beriljekdigini aýdýar. Habarda Gümrük Bileleşigindäki gözden geçirmeleriň 2017-nji ýylda tamamlanjakadygy habar berilýär. Gazet strategik taýdan wajyp pudaklarda ýerli we daşary ýurtly diýip tapawut goýmazdan Ministrler kabinetiniň mejlisiniň karary bilen şahsyýete, kärhana, ýörite, energetikada baha kepilligi, transport, deňiz menzili we ýer ýaly ugurlar boýunça höweslendiriljekdigine ünsi çekýär. Gazet Eýran bilen bolan söwda kuwwadynyň 50 milliard dollara ýetiriljekdigini belleýär.

Watan gazeti: “1 ýylda 181 million ýolagçy uçdy” söz başyly habarynda, Türkiýede 2015-nji ýylyň soňuna çenli raýat awiasiýasy pudagynyň pul dolanşygynyň 23,4 milliard dollara, şol pudakda işleýän adamlaryň sanynyň bolsa 191 müň 716 adama ýetendigini mälim edýär. Gazet Raýat awiasiýasynyň Baş müdürliginden alynan hasabata görä howa ýollaryny ulananlaryň sanynyň 10 ýylda 200 göterim artyp 181,4 milliona ýetendigini, howa ýollary kärhanalaryndaky uly göwrümli uçarlarynyň sanynyň bolsa soňky 10 ýylda 259-dan 489-e ýetendigini nygtaýar.

Haber Türk gazeti: “Agentlikler yraklylara wiza bermegi 10 esse çaltlandyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýä girmek üçin wize talap edilen yraklylara Türkiýäniň Yrakdaky konsullyklarynda üýşmegi we giýjä galmagyň öňüni almak isleýän hökümetiň wiza bermek üçin syýahatçylyk agentliklerine rugsat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazeti: “Afinyada Tekbilekiň çykyşy” söz başyly habarynda, Ömer Faruk Tekbilekiň Gresiýanyň paýtagty Afinyda 2500 adamlyk konsert merkezi Theatro Wrahonda grek we ermeni sazandalar bilen çykyş edendigini habar berýär. Gazet Tekbilekiň “Kakam we oglum”, “Habarçy” ýaly filmleriň sazyny ýazan Ewanthia Rebuçika, Siriýada dogulan asly ermeni bolan ut ussady Haik Ýazijiýan, klarnetçi Petrolukas Halkias we Türkiýede tanalýan aýdymçy Melina Kana bilen bilelikde beren konserdiniň 3 gün dowam edendigini beýan edýär.



Degişli Habarlar