Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.06.2016

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

507377
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.06.2016

Hürriýet gazeti: “Türkiýe-ÝB arasynda awiasiýa ylalaşygy” söz başyly habarynda, awiasiýa pudagynda ýolagçy sanynyň köplügi boýunça ilkinjileriň hatarynda durýan Türkiýäniň we ÝB-niň arasynda giň-gerimli awiasiýa ylalaşygyň baglaşylmagy üçin gepleşikleriň golaýda başlajakdygyny mälim edýär. Gazet Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda ylalaşyk baglaşmagyň iň wajyp sebäplerinden Türkiýäniň awiasiýa pudagy boýunça iň ösen ýurtlaryň biri, Ýewropadaky iň işjeň we iň çalt ösýän awiasiýa eýe bolmagy sebäplidigini belleýär. Habarda ylalaşygyň ýola goýulmagyndan soň täze iş orunlarynyň, täze uçar saparlarynyň boljakdygy we ýolagçylara has amatly baha hödürlenjekdigi ýazylýar.

Sabah gazeti: “Nemes kärhanalar bilen maslahatlar başlaýar” söz başyly habarynda, Germaniýanyň federal mejlisiniň 1915-nji ýyldaky wakalary ermeni garaýyşlaryna görä kabul etmeginden soň Türkiýe bilen Germaniýanyň arasynda söwda gatnaşyklary bilen baglanşykly ähmiýetli maslahatyň geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet öňümizdäki günlerde Türkiýäniň ykdysady býurokratlarynyň  Türkiýedäki nemes kärhanalary bilen duşuşyp olara: “Bize goldawyňyzy görkeziň, has proaktiw hereket ediň” diýiljekdigini nygtaýar. Habarda taraplaryň ykdysady wekilleriniň hem duşuşyp gepleşikler geçirjekdigi beýan edilýär. Gazet nemes kärhanalaryň ermeni garaýyşlar babatynda Türkiýäniň ýanyndadyklaryny aýdaýandyklaryna ünsi çekýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Türkiýeden Namibiýa dostlyk eli” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Germaniýanyň 1900-nji ýyllaryň başynda uly gyrgynçylyklar eden Namibiýa berýän kömeklerini artdyrandygyny habar berýär. Gazet Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy gullugy TİKA-nyň Namibiýadaky san halkynyň galkynmagy üçin taslama durmuşa geçirjekdigini aýdýar. Habarda San halkyna azyk, egin-eşik, okuw esbaplary we gerek bolan beýleki zatlaryň 400 km ýol geçilip gowşurylandygy nygtalýar.

Haber Türk gazeti: “Bergimiz az” söz başyly habarynda, ýurduň ykdysadyýeti barada beýanat beren Wise-premýer Mehmet Şimşegiň dünýä derejesinde global berginiň örän köpdügini we dünýäde netijeliligiň peselýändigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Şimşegiň: “Bütin dünýä seredenimizide käbir ýerlerde aşa sag, käbir ýerlerde bolsa aşa çep ýokary galýar. Özgertmeler barada gürrüňler edilýär, emma ýerine ýetirilmeýär. Türkiýäniň dünýäniň beýleki ýurtlarynyň aglabasyna garanyňda bergi derejesi az” diýendigini beýan edýär.

Star gazeti: “Dünýäde ilkinji gezek Türk Telekomdan” söz başyly habarynda, Türk Telekomyň Günüň şöhlesi taslamasynyň çäginde öz ugrunda dünýäde ilkinji gezek ýola goýulan oýuny işläp taýarlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet täze gollanmanyň çagalaryň wizual endiklerini artdyrmaklaryna we el-göz aralygyndaky sazlaşygyň ösmegine goşant goşmak maksady bilen taýarlananadygyny habar berýär. Gazet her biriniň 20 bölümden ybarat şekil, san we harp bolmak bilen 3 aýry oýundan ybarat bolan Günüş şöhlesi oýunynyň mobil, web we windows platformalarynyň üsti bilen işleýändigini belleýär. Habarda türk we iňlis dillerinde taýarlanan oýunyň dünýäniň dört künjeginde gowy görmeýän çagalaryň ulanmagy üçin taýarlanandygyna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar