Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

500410
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.05.2016

Star gazeti: “Ýaşlar PKK-nyň hakyky ýüzüni gördi” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň ýaşlaryň terror guramasy PKK-nyň hakyky ýüzüni görendigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Erdoganyň: “Zor bilen daga alynyp gidilen ýaşlar hakykaty görüp terror guramasy PKK-dan gaçýarlar. Maşgalalaryndan güýç bilen ellerinden alynan we häzirki wagtda hem PKK-nyň elinde bolan ýaşlaryň halas edilmegi üçin gerek bolan ähli zady ederin. PKK-lylaryň ellerinde zenit ýaraglary we raketalar hem bar. Türkiýäniň Ýaragly güýçleri ähli kynçylyklara garamazdan üstünlikli operasiýa geçirdi” diýendigini belleýär.

Sabah gazeti: “Ýewropaly žurnalistler bosgun çadyr şäherçesinde” söz başyly habarynda, BMG tarapyndan Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Bütindünýä Ynsanperwer maslahaty üçin Albaniýadan, Bosniýa-Gersegowinadan, Çernogoriýadan, Kosowadan, Makedoniýadan we Serbiýadan gelen 15 metbugat işgäriniň Kilis welaýatyndaky Elbeýli bosgun çadyr şäherçesine baryp görendigini habar berýär. Gazet daşary ýurtly žurnalistleriň siriýaly bosgunlara Türkiýäniň nähili derejede gujak açýandygyny görendiklerini nygtaýar. Habarda çadyr şäherçesinde açylan surat kursuna baryp gören ýewropaly metbugat işgärleriniň bosgun dramasynyň nyşanasyna öwrülen Aýlan Kurdiniň suratyny görüp örän gynanandyklary ýazylýar.

Ýeni Şafak gazeti: “Türkiýe oraza aýynda dünýäniň 4 künjegine ynsanperwer goldaw berer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Din işleri gaznasynyň golaýlap gelýän oraza aýynda dünýäniň 88 ýurduna we 500 sebite mätäç bolan adamlara azyk kömegini iberjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet gaznanyň 59 müň 185 sany azyk guty paýlajakdygyny, agzaçarlarda hem 200 müň adama nahar berjekdigini beýan edýär.

Hürriýet gazeti: “Ulag kerweni bilen 3 hepdäniň dowamynda Türkiýede” söz başyly habarynda, 10 aý ozal Türkiýäniň Mersedes-Benz şahamçasynyň ilkinji zenan ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlyklygyna bellenen nemes Britta Sigeriň, adamsy we 14 ýaşly üçem çagasy bilen 3 hepdäniň dowamynda ulagy bilen Türkiýede syýahat etjekdigini aýdandygyna ünsi çekýär. Gazet maşgala bolup Türkiýede syýahat etmekden örän hoşaldygyny aýdan Sigeriň: “Türkiýe örän howpsyz bir ýer. Türkiýäniň islendik ýerine syýahat edip bilýäris. Nemes dostlarymyza hem şony aýdýarys. Stambula geljek dostlarymyza esasan hem Kapalyçarşy, Soltanahmet, Ayasofiýa syýahat etmeklerini maslahat berýäris. Türkiýä syýahat etmek üçin häzirki wagt iň gowy pursat. Esasan hem nemesler bu wagtlar Türkiýä gelýärler” diýendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti: “Mersiniň maksady 2,5 million syýahatçy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mersin welaýatynyň ýolbaşçylarynyň welaýatyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin maýa goýjakdygyny habar berýär. Gazet welaýatyň ýylyň 12 aýynda hem syýahatçy çekmegi maksat edinýändigini aýdýar. Habarda syýahatçylyk pudagy ösdüriljek Mersiniň dünýäniň hem tanymal syýahatçylyk zolaklarynyň biri boljakdygy ýazylýar. Gazet 2015-nji ýylda 536 müň syýahatçy gelen Mersine myhmanhana gurmak üçin taslamalaryň işläp taýarlanýandygyna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar