Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.04.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

472936
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.04.2016

“Star" gazeti “Mejlisde möhüm meseleler ara alynyp maslahatlaşylar" söz başyly habarynda, şu hepdäniň dowamynda Mejlisde garaşýan eldegirilmesizlikleriň aýrylmagy bilen bagly işlere serediljekdigini mälim edýär. Habarda Adalat we ösüş partiýasynyň eldegirilmesizlik delolarynyň kazyýetiň garamagyna hödürlenip, halk deputatlarynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmeği baradaky konstitutsion özgertme teklibiniň şu hepde Mejlisiň Konstitutsiýa komissiýasynda seljeriljekdigi nygtalýar. Teklibe geljek hepde Baş assambleýada serediljekdigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Ýeni Şafak" gazeti “Ýerli CERN-de soňky öwrüme gelindi" söz başyly habarynda, Ýewropanyň Ýadro barlaglary merkezindäki ýaly atom bölejikleriniň hereketlendirijileri bilen barlag işini alyp barçak “Türk Hereketlendiriji Merkezi" taslamasynyň taýardygyny mälim edýär. Gazet Ýerli “CERN" taslamasy “Türk Hereketlendiriji Merkezi" barada maglumat beren taslamanyň ýolbaşçysy Professor Ömer Ýawaşyň taýarlyklaryň tamamlanyp barýandygyny, merkezde elementar bölejikleri fizikasy we ýadro fizika ýaly köp sanly uğurda ýokary tehnologik barlaglaryň geçiriljekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk" gazeti “ABŞ-da üstünlik gazanan türk" söz başyly habarynda, 32 ýaşly türk alymy Janan Dagdewirene dünýäniň esasy ylmy merkezlerinden biri bolan Massaşusets Tehnologiýa İnstitutynda professorlyk derejesinin berilmegi barada teklip hödürlenendini mälim edýär. Gazet ýüz tutmandygyna garamazdan teklibi kabul eden ylymlaryň doktory Dagdewireniň ýanwar aýynda professorlyk derejesi bilen işe başlajakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah" gazeti “Osman döwründen galan we Respublika döwrüne degişli taryhy eserlere uly isleg bildirilýär" söz başyly habarynda, Osman we Respublika döwürlerine degişli saýlama eserleriň Stambulda guralan auksionda satylandygyny ýazýar. Auksiona ýerli we daşary ýurtly köp sanly kolleksioneriň gatnaşandygy, auksionda Topkapy köşki üçin ýörite goşlara aýratyn uly islegiň bildirilendigi, golýazma gurhanyň 180 müň türk lirasyna satylandygy, Osman patyşlaryndan Mahmut 2-njiniň resminamasynyň 12 müň lira satylandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Hürriýet" gazeti “Stambulda tennis dabarasy başlaýar" söz başyly habarynda, jemi 226,750 dollar baýrakly TEB BNP Paribas Stambul halkara zenanlarara tennis turniriniň şu gün dabara bilen başlaýandygyny ýazýar. Habarda slowak tennisçisi Anna Karolina Şemidlowanyň turnirde ilkinji bolup bäsleşige çykjakdygy, türk tennisçileriniň hem gatnaşmagyndaky turniriň 24-nji aprel ýekşenbe günki final oýuny bilen tamamlanjakdygy mälim edilýär.



Degişli Habarlar