Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.04.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

471585
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.04.2016

“Hürriýet" gazeti: “Erdogandan yslam dünýäsine 4 teklip" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň 13-nji maslahatynda yslam ýurtlaryndan gelen liderlere 4 teklip orta atandygyny mälim edýär. Gazet Erdoganyň 1. Merkezi Stambulda ýerleşýän YHG-nyn Polis guramasynyň we utgaşdyryjy merkeziniň döredilmegi. 2. Stambulda dowamly ýagdaýda zenanlaryň maslahaty geçirilmegi. 3. Adatdan daşary ýagdaýlarda yslam ýurtlarynyň arasynda umumy Ýarym gyzlaý strukturanyň döredilmegi. 4. Merkezi Stambulda bolan global ykdysadyýetiň işleýşi üçin özara arbitraž ulgamyny döredilmegini isländigini belleýär.

“Haber Türk" gazeti: “Watikana DAEŞ duýduryşy" söz başyly habarynda, halkara terroryň işlerini anyklamak üçin iş alyp barýan Türkiýäniň Razwedka gullugynyň terror guramasy DAEŞ-iň katolik dünäsiniň merkezini nyşana almak isleýändigini anyklandygyny habar berýär. Gazet resmi Ankaranyň maglumaty Watikana bildirendigini nygtaýar. Habarda DAEŞ-iň Germaniýanyň paýtagty Berlinde hem terrorçylykly hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanandygy ýazylýar.

“Sabah" gazeti: “Arap-Türk maslahaty şu aý geçiriler" söz başyly habarynda, X Stambul Gozgalmaýan emlak sergisi we Arap-Türk ýokary derejeli maslahatyň aprel aýynyň 23-24-i aralygynda geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 10 ýyl bäri geçirilýän sergä 52-den gowrak ýurtdan firmalaryň gatnaşjakdygyna ünsi çekýär. Habarda serginiň geçen ýyl pudagyň 12 müň 478 wekilini we maýadaryny özara duşuşdyrandygy, sergide şu ýyl arap geografiýasyndaky umumy syny, gozgalmaýan emläkdäki pursatlary we pudagyň geljegi barada durulyp geçiljekdigi aýdylýar.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Türkiýä bolan ynamyny maýalary bilen görkezdi" söz başyly habarynda, Marmaraý taslamasynda ulanylan tehnologiýa bilen Türkiýä goldaw beren Mitsubishi elektrik kärhanasynyň indi bolsa 176 million liralyk maýa bilen Manisa welaýatynda kondisioner we sowadyjy öndürýän fabrika gurmak isleýändigini mälim edýär. Gazet Türkiýäniň ynamly bir ýurtdygyny belleýän Mitsubishi elektrik kärhanasynyň Türkiýeden jogapkär başlygy Masahiro Fujisawanyň: “Türkiýäniň geosyýasy ýerleşişi, ýaş ilaty we ösüş mümkinçiligi bilen girdejili bir ýurtdygyna ynanýaryn. Türkiýe Manisadaky fabrika bilen önümçilik merkezine öwrüler" diýendigini nygtaýar.

“Star" gazeti: “Ýaşlygyň syryny gözleýän türk" söz başyly habarynda, ABŞ-daky biotehnologiýa kärhanasynyň başlygy Osman Kibaryň ykdysady žurnal bolan Forbesiň 10-njy maýdaky sanawynyň baş sahypasynda görkezilendigini habar berýär. Gazet žurnalyň Bu adam garrylygyň öňüni alyp bilermi? makalasynda merkezi San Diegoda ýerleşýän 12 milliard dollarlyk biotehnologiýa kärhanasy bolan Samumediň esaslandyryjysy we ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Kibaryň esasy maksadynyň garrylygy ters öwürmekdigini belleýär.


Degişli Habarlar