Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.04.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

467165
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.04.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

“Hürriýet" gazeti “Azar Siriýa Goşuny geçelgäni aldy" söz başyly habarynda, Türkiýe tarapyndan goldanýan Azat Siriýa goşuny bilen Fetih goşunynyň Siriýada terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligindäki Al Rai etrapçasyny alandygyny ýazýar. Gazet Kilis welaýatynyň El Beýli etrabynyň golaýynda ýerleşýän Al Rainiň Türkiýäniň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD-niň girmegine garşy durýan Azaz-Jerablus liniýasynda ýerleşmegi taýdan möhümdigini, ABŞ-nyň şol liniýadan DAEŞ-iň çykarylmagyny isleýändigini, Türkiýänin bolsa DAEŞ-iň ýerine öz tarapyndan goldanýan arap we türkmen taýpalarynyň degişli bolmagyndaky oppozision toparlaryň ornaşdyrylmagyny isleýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak" gazeti “47 ejaniň perýady" söz başyly habarynda, üç ýyldan bäri hökümete degişli güýçleriň gabawy astynda bolan Siriýanyň Deraýa şäherindäki 47 zenanyň halk köpçüligiň dykgatyna ýazan hatynda, birnäçe günüň dowamynda ynsanperwer kömegi gelmese çagalarynyň we garyndaşlarynyň açlykdan öljekdiklerini habar berendigini mälim edýär. Hat “Ýakyn we dal, haty okanlaryň her birine gyssagly kömege mätäçdigimizi habar berýäris" diýip dowam edýär. Gazet zenanlaryň açyk hat arkaly seslerini ýetirmäge synanşýandygyna garamazdan, birnäçe kilometr alysdaky Şada ýerleşýän BMG-niň Kömek ofisiniň synçy bolmaga dowam edýändigini ýazýar.

“Star" gazeti “Dünýä belli markalar Türkiýäni saýlap alýarlar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň daşary ýurtly maýadarlaryň üns merkezinden düşmeýändigini, Türkiýede maýa goýan firmalaryň hatarynda “Toýota", Kanadanyň “Bombadiler, “Mersedes Benz", Koreýanyn “Hýundai" ýaly awtomobil firmalarynyň bardygyny, Germaniýanyň “Homes" firmasyynň bolsa gozgalmasyz emläk pudagyna 200 million ýewro maýa goýjakdygyny, merkezi Katarda ýerleşýän “Retaž Group" firmasynyň bolsa 700 million dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim edýär.

Haber Türk" gazeti “Türk alymlary Antarktikada" söz başyly habarynda, Antarktikada ylmy barlag geçirjek Türkiýäniň dürli ýokary mekdeplerinde işleýän alymlaryň Argentinada ýola düşüp, öňňin materige barandygyny ýazýar. Gazet türk alymlar toparynyň sebitde Ukraina degişli “Wernadski Ylmy barlag bekedinde" ukrain alymlary bilen 15 günüň dowamynda bilelikde işleşjekdigini nygtaýar.

“Watan" gazeti “Şäher gurluşyklary şäherleri markalaşdyrar" söz başyly habarynda, Stambulda guralan marka şäherlerin Türkiýäniň ykdysadyýetine goşýan goşandyny hasaplamak maksady bilen şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän “Marka şäherler maslahatynda" Stambulyň ünsleri özünde jemländigini ýazýar. Habarda Türkiýede marka potensialyna eýe bolan şäherler we edilmeli işler barada pikir alyşylan maslahatda, Anadolyda ýerleşýän şäherleriň eýe bolan potensialyna üns çekilendigi mälim edilýär.


Degişli Habarlar