Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

460496
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.03.2016

“Hürriýet" gazeti: “Ägirtleriň Türkiýä bolan ünsi artýar" söz başyly habarynda, Ýadro howpsyzlyk maslahatyna gatnaşmak üçin şu gün ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona gitmek üçin ýola çykjak Türkiýäniň Prezidenti. R.T. Erdoganyň we türk işewür adamlarynyň dünýäniň ägirt uly kärhanalarynyň üns merkezindedigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Prezident Erdoganyň dünýäniň 25 sany iň uly kärhananyň ýolbaşçylary bilen 30-njy martda ýagny ertir duşuşjakdygyny we ondan soň bolsa 300 adamlyk agşam naharynda ameriklay işewür adamlaryna Türkiýede maýa goýmaga çagyrjakdygyny mälim edýär.

“Haber türk" gazeti: “4,5 G-e soňky 2 gün" söz başyly habarynda, ykjam telefon aragatnaşygynda täze döwrüň başlanýandygyny habar berýär. Gazet Türkiýäniň ýene-de 2 gün soň geçjek 4,5G tehnologiýasynyň ykjam telefonlardaky aragatnaşyk tizligini 3G garanyňda 10 esse artdyrjakdygyny belleýär. Habarda 4,5G-niň saglygy goraýyş we bilim ugurlarynadaky meseleleri hem ýeňilleşdirjekdigi nygtalýar.

“Sabah" gazeti: “Stambula gurajak syýahadymy goý bolsun etmerin" söz başyly habarynda, Tunis, Müsür, Pariž we Brýusselde guralan terrorçylykly hüjümlerden soň Ben Çunyň Independent gazedinde: “Maşgalam bilen bilelikde şu tomus Stambula syýahat etjekdim. Terror sebäpli syýahadymy goý bolsun etmelimi?" mowzugy bilen makala çap edendigini mälim edýär. Gazet Ben Çunyň makalasynda: “Brýusselde guralan terrorçylykly hüjümleriň dünýäniň islendik ýerinde guralyp biljekdigini görkezýär. Terrorçylaryň isleýän zadyny etmerin. Maşgalam bilen bilelikde Stambula gurajak syýahadymy goý bolsun etmerin" diýendigini beýan edýär.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Çagalar tussaglykda ýaşaýar" söz başyly habarynda, gap ýuwujy serişdeleri öndürýän kärhanalarynyň biriniň 10 tapawutly ýurtda geçiren ylmy-derňewine görä Britaniýadaky çagalaryň azatlykdan mahrum edilen adamlardan hem az wagt daşarda geçirýändiklerini anyklandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ylmy-derňewde 5-12 ýaş aralygynda 12 müň çaganyň ene-atalary bilen gürrüňdeş bolunandygyny, derňewe görä Britaniýadaky çagalaryň 1/3-niň 30 minutdan hem az wagt daşarda geçirýändiklerini ýüze çykarandyklaryny belleýär. Habarda Britaniýadaky çagalaryň 1/5-niň bolsa daşarda oýnamaýandygy aýdylýar.

“Star" gazeti: “Gresiýa bosgunlara raýatlyk satýar" söz başyly habarynda, ykdysady çökgünligiň eýýäm 7 ýyl bäri dowam edýän Gresiýanyň 250 müň ýewro raýatlyk berýändigini habar berýär. Gazet Gresiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dimitris Mardasyň ýurtdaky gaçgaklaryň we bosgunlaryň maddy ýagdaýlaryny gözeden geçirjekdiklerini aýdandygyny: “250 müň ýewrosy bolan bosgunlara Gresiýada galyp bilmekleri üçin rugsat beriler" diýendigini nygtaýar.



Degişli Habarlar