Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

456575
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

“Ýeni Şafak" gazeti “Terror ÝB-niň ýüreği Brýusseli urdy" söz başyly habarynda, Belgiýanyň we ÝB-niň paýtagty Brýusselde yzly-yzyna terrorçylykly hüjümleriň guralandygyny ýazýar. Gazet Halkara howa menziline we ÝB-niň edaralarynyň golaýyndaky metro bekedine guralan üç hüjümde 34 adamyň pida bolandygyny, ýüzden gowrak adamyň ýaralanandygyny mälim edýär. Habarda üç ýurduň berk howpsyzlyk çarelerini görüp, uçar we otly saparlaryny bes edip, mekdepleri ýapandygy, telefon aragatnaşygyny kesendigi, halkara daşary çykmazlyklary barada duýduryş berilendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Hürriýet" gazeti “Brýusselde guralan hüjüm Pariže hüjüm guran terrorçynyň arynyň alynmagymy?" söz başyly habarynda, Belgiýada guralan bomaly hüjümiň Parižde guralan hüjümiň esasy günäkärlerinden biri bolan Salah Abdeslamyň anna güni Brýusselde ele salynmagyndan soň guralmagynyň, wakanyň bir ar alyş bolup bolmandygy pikirini ýüze çykarandygyny ýazýar.

“Haber Türk" gazeti “Ýewropa wizasyz syýahat üçin taýarlyklara girişildi" söz başyly habarynda, Türkiýe-ÝB maslahatynda iýun aýynyň ahyrynda iki taraply wiza düzgüniniň bes eilmegi barada karara gelinmeginden soň Türkiýäniň işe girişendigini okyjy köpçliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 1-nji iýuldan başlap Ýewropa wizasyz syýahat edilmeginiň nazarda tutulýandygyny, şonuň üçin gerek bolan düzgünleriň 72 sanysyndan 35-niň ýerine ýetirilendigini, Türkiýäniň galan 37 düzgüni 4-nji maýa çenli berjaý etmelidigini nygtaýar. Habarda 4-nji maýda ÝB Komissiýasynyň Ýewropa Geňeşine wiza düzgüniniň bes edilmegi barada karar kabul etmegi üçin üçünji we soňky habarnamasyny hödürlejekdigi, 1-nji iýunda bolsa Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi baradaky ylalaşygyň 3-nji ýurtlar taýdan iş ýüzüne geçirilmegine başlanjakdygy mälim edilýär.

“Sabah" gazeti “Aýlagdan emläk üçin milliardlar geler" söz başyly habarynda, dünýäniň abraýly gozgalmasyz emläk sergilerinden biri bolan “Sitiskaýpyň" Türkiýede geçirjek ilkinji çäresi üçin degişli taýarlyklaryň tamamlanandygyny, Stambulyň Sergiler merkezinde ertir açyljak we 26-njy marta çenli dowam etjek “Siriskaýp Türkiýe" sergisine ýurduň içinde we daşynda köp sanly maýadaryň uly gyzyklanma görkezýändigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Star" gazeti “Energetika pudagyndaky maýa goýumlaryna täze usul getiriler" söz başyly habarynda, ýadro we gaýtadan işlenip bilinýän energiýa pudaklarynda dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşmak üçin Hytaýa giden Energetika ministri Berat Albaýragyň “Türkiýänin energiýa serişdelerini ýokary depginli, arzan we amatly şertlerde almagy üçin täze usullaryň üstünde işleýäris" diýen sözlerine üns çekilýär. Gazet ministr Albaýragyň Hytaýda energetika pudagynyň öňdebaryjy wekilleri bilen duşuşyklar geçirjekdigini ýazýar.


Degişli Habarlar