Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

455767
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

“Hürriýet" gazeti “Asýa bizi begendir" söz başyly habarynda, 19-njy martda 4 adamyň ýogalmagyna, 39 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan Stambulyň İstiklal şaýolunda guralan kamikaze hüjüminde agyr ýaralanan 2,5 ýaşly Asýanyň beýnisinden we gözünden operasiýa edilenden soň ukladylýandygyny ýazýar. Gazet wakada kakasy we ejesi bilen birlikde agyr ýaraşanan Asýa üçin köp sanly duýgudaşlyk ýüzlenmeleriniň gelip gowuşýandygyny, Asýa üçin ýüzlenme ugradanlardan biriniň “Asýa, ýeke-tägim, bizi begendir. Saňa oýunjaklar we täze gurjak arabasy aljak" diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah" gazeti “Diýarbakyr ýüz bermedi" söz başyly habarynda, parahatçylygy bir gyra goýup, umydyny hendeklere, çukurlara we barrikadalara baglan Halklaryň demokratik partiýasynyň ýolbaşçylaryna halkyň Diýarbakyrdaky Nowruz seýilgähinde hasap sorandygyny ýazýar. Habarda Halklaryň demokratik partiýasynyň we terror guramasy PKK-nyň abaý-syýasatyna boýun egmedik raýatlaryň isleglerini aç-açan beýan edendigi, Halklaryň demokratik partiýasynyň çagyryşyna halkyň üns hem bermändigi mälim edilýär. Gazet İçeri işler müdirliginiň görkezijilerine görä geçen ýylky baýramçylyk çäresinde 500 müň adamy kabul eden Baglar etrabyndaky Nowruz seýilgähine şu ýyl 15 müň adamyň jemlenşendigini ýazýar.

“Haber Türk" gazeti “Energetika ministri Albaýrak Hytaýy kömür çykarmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge çagyrar" söz başyly habarynda, Energetika ministri Berat Albaýragyň energetika pudagynda hyzmatdaşlyk we maýa goýmaga çagyrmak üçin Hytaýa sapar guraýandygyny mälim edýär. Gazet ministr Albaýragyň şu gün başlan Hytaýa saparynyň 25-nji marta çenli dowam etjekdigini, 3 bölümden ybarat bolan saparyň birinji bölüminde Pekiniň bardygyny, Pekindäki Ýel merkezine baryp görjek we dünýäniň ýel energiýasy boýunça esasy firmalarynyň wekilleri bilen duşuşjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Energetika ministri Berat Albaýragyň Hytaýyň Ösüş banky we käbir maliýe guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyp, Türkiýedäki amatly maýa goýum şertleri barada maglumat berjekdigi, maýadarlara maýa goldawynyň berilmegi üçin çagyryş etjekdigi nygtalýar. Gazet ministr Albaýragyň Pekinde hytaýly kömür firmalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirjek duşuşygynda olary Türkiýede maýa goýmaga hem-de şäriklik etmäge çagyrjakdygyny mälim edýär.

“Star" gazeti “F-16-laryň ýerine ýerli we milli FX bolar" söz başyly habarynda, Goranmak senagaty geňeşiniň başlygy Demiriň geljegiň “ýerli we milli" harby uçary FX barada maglumat berendigine ünsleri çekýär. Habarda Demiriň “F-16-lardan ders çykardyk, doly tehnologik üpjünçiligini bermeýänler bilen hyzmatdaşlyk etmeris. 2019-njy ýylda grafikasy tamamlanar. 2023-nji ýylda prototipi çykarylar. Giç galdyk, emma öndürmegi öwreneris" diýen sözlerini çap edýär.

“Watan" gazeti “THÝ-niň uçary ýörite görkezliş" söz başyly habarynda, esasy hemaýatkäri Türk howaýollary bolan “Batman&Superman" atly filmiň galasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilendigini, 25-nji martda görkezilmäge başlanjak filmiň kino-teatrlardan soň ilkinji nobatda THÝ-niň uçarlarynda görkeziljekdigini mälim edýär.


Degişli Habarlar