Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

450427
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.03.2016

“Ýeni Şafak" gazeti “Siz pespäl" söz başyly habarynda: “Terror guramalary Ankarada asuda ilaty gyrdy. Paýtagtyň merkezi bolan Gyzylaý meýdanynda raýatlaryň gelim-gidimli sagadynda pajygaly hüjüm guraldy. Bombaly ulag duralgada yzly-yzyna düzülen awtobuslaryň ýanynda partladyldy. Bomba ýüklenen ulagy sürýän hüjümçiniň zenandygy anyklandy. Hüjüme gözegçilik edýän bir terrorçynyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan gözlenýändigi öwrenildi" diýip ýazýar.

“Star" gazeti “PKK terrorçysy zenana degişli barmak" söz başyly habarynda, Ankaradaky hyýanatçylykly hüjümden soň wakanyň bolan ýerinde derňew işleriniň dowamynda tapylan barmagyň terror guramasy PKK-nyň düzümine 2015-nji ýylda goşulan zenanlardan birine degişlidiginiň anyklanandygyny mälim edýär. Hüjümiň biri zenan iki adam tarapyndan guralandygyny mälim edýän gazet, erkek hüjümçiniň bombaly ulagy sürýändigini, zenan hüjümçiniň bolsa ikinji hüjümi guramak üçin wakanyň bolan ýerine barandygyny, emma onuň hem ölendigini ýazýar.

“Haber Türk" gazeti “Hüjümiň taýarlygy Yrakda we Siriýada görülipdir" söz başyly habarynda, howpsyzlyk gulluklarynyň Sur, İdil we Nusaýbin etraplarynda garaşýan netijesini alyp bilmedik terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň Nowruz baýramynyň öň ýanynda aksiýa guramak barada karara gelendigini aýdandygyny ýatladýar. Habarda soňky hepdelerde PKK-nyň bomba ýülşenen 6 ulag bilen hüjüm guramaga taýarlandygy baradaky maglumadyň degişli ýerlere berilendigi we esasanda günorta hem-de günorta-gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän şäherlerde şol ulaglaryň gözlenmäge başlanandygy mälim edýär. Gazet PKK-nyň bomba ýüklenen ýlaglaryň alynky taýarlyklaryny Yrakda we Siriýada görendigini, soň bolsa Türkiýä ugradandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah" gazeti “ABŞ diskussiýasy" söz başyly habarynda, Ankarada soňky 5 ýylda üç sany uly terrorçylykly aksiýanyň guralandygyny, terrorçylykly hüjümiň agyr täsiri dowam edýärkä Amerikanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň öz raýatlary üçin 11-nji martda çap eden duýduryşynyň gün tertibine gelendigine ünsleri çekýär. Gazet ýurtda 20-ä golaý ulagyň döwlet belgisiniň howpsyzlyk gulluklaryna berilip, taýarlyklaryň görülmeginiň islenendigini, hüjümde köp sanly talybyň ýogalandygy, ABŞ-nyň ilçihanasynyň iňlis dilindäki saýtynda ýerleşdirilen duýduryşda raýatlaryna terrorçylykly hüjümiň guraljakdygy barada habar berilendigini ýazýar.

“Hürriýet" gazeti “Ankaradaky terrorçylykly hüjümden soň Türkiýe Kandile howa operasiýasyny gurady" söz başyly habarynda, düýn agşam guralan we azyndan 37 adamyň pida bolan Ankaradaky partlamanyň derňew işi dowam edýärkä Türk ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlaryň uzakly gije Yragyň Kandil dagynda terror guramasy PKK-ny bombalandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.



Degişli Habarlar