Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

448851
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.03.2016

“Star" gazeti: “Türkiýä bosgun öwgüsi" söz başyly habarynda, Germaniýanyň Premýer ministri Angela Merkeliň bosgun krizisinden jogapkär ministr wezipesine bellän Peter Almaýeriň Türkiýäniň bosgun krizisindäki pozisiýasynyň ÝB-ne agza ençeme ýurtdan has ýewropalydygyny aýdandygyny belleýär. Gazet Die Welet gazedine beýanat beren Peter Altmaýeriň: “Hiç kim Türkiýede bosgunlaryň ýüküni ýeke özüniň götermegine garaşmaz" diýendigini mälim edýär.

“Sabah" gazeti: “Indi Türkiýäniň wagty" söz başyly habarynda, Türkiýäniň inflýasiýa, hasap ýetmezçiligi, senagat önümçiligi we eksport bolmak bilen ähli makro statistikalarynyň ýokarlanandygyny we şol bir wagtda daşary ýurtly maýadarlaryň üns merkezinde bolmagynda galýandygyny habar berýär. Gazet Halkara maliýe guramalarynyň hasabatlarynda Türkiýäniň öň hatarlarda ýer alýandygyny, ÝB bilen gatnaşyklaryň bolsa ýaňadandan özgermäge başlanandygyny nygtaýar. Gazet daşary ýurtlylaryň biržada fewral aýynda 323 million dollar bilen soňky 10 aýyň iň köp satuwyny ýerine ýetirendiklerini, şu ýylyň ilknji 2 aýynda biržada 425 million dollar möçberinde satuw edilendigini, biržada mart aýynyň ilkinji hepdesinde bolsa 308 million dollarlyk kabul edilşik bolandygyny ýazýar. Habarda soňky 1 aýda daşary ýurtlylaryň 725 million dollar möçberinde obligasiýa satyn alandygy beýan edilýär.

“Watan" gazeti: “Ýaşaýyş jaýynda dünýä rekordy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýaşaýyş jaý satuwlary boýunça 2015-nji ýylda dünýäde 1-nji oruna geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 1 ýylda 18,4 göterim ösen Türkiýäniň maýadarlar üçin howpsyz menzil hökmünde teswirlenendigini belleýär. Gazet Türkiýäniň ilkinji gezek 2015-nji ýylyň 3-nji çärýeginde bu sanawda Gonkongy yzda goýup 1-nji oruna geçendigini, ýylyň ahyrynda hem 18,4 göteremlik ösüşini dowam etdiren Türkiýäniň yz ýanynda 14,2 göterim bilen Täze Zelandiýanyň, 3-nji orunda bolsa 12,3 göterimlik ösüş bilen Şwesiýanyň gelýändigini nygtaýar.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Turistler üçin 1 müň ilçi bellener" söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mahir Ünalyň syýahatçylaryň uçarlaryndan düşeninden başlap kömek berjek ýörite toparyň dörediljekdigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet ministr Ünalyň: “400 adam howa menzillerinde gelen turistleri garşylar, syýahatçylyk pudagynyň ilçileri bolarlar. 600 adam bolsa taryhy ýerlerde we muzeýlerde işlärler" diýendigine ünsi çekýär.

“Hürriýet" gazeti: “Rak bilen söweşýan türk söweşiji" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň tanymal rak ylmy-derňew merkezleriniň biri bolan Oregon Health and Science University (OHSU) Knight Cancer instidudynda ragyň irki stadiýalaryny anyklamak üçin döredilen täze merkeziň başlyklygyna Prof.Dr. Sadyk Esener atly türkiň bellenendigini habar berýär.



Degişli Habarlar