Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

447990
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.03.2016

“Sabah" gazeti “Goranyşda ýerliligiň mukdary 70 göterim" söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň goranyş senagaty boýunça 5,9 milliard dollarlyk ägirt uly bukjany tassyklandygyny ýazýar. Habarda 4,5 milliardy ýerli boljak täze taslamalaryň hatarynda uçarmansyz howa ulaglarynyň, milli tüpeňiň we Atak dik uçarlarynyň bardygy mälim edilýär. Gazet aprel-maý aýlarynda Goranyş senagaty boýunça utgaşdyryjy geňeşin maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdan Premýer ministr Dawutoglynyň: “Hususy pudak bilen birlikde Türkiýäniň goranyş senagatynyň millileşmegi we bu ugurda daşarky garaşlylygyň azaldylmagy üçin görüljek çäreleri öz içine alýan täze ulgama geçmegi meýilleşdirýäris" diýen sözlerini çap edýär.

“Watan" gazeti “Türkiýä garşy “Oýnatgy tupany" söz başyly habarynda, 2015-nji ýylda hüjümlerini 10 esse artdyran rus hakerlerinin türk döwlet edaralarynyň we metbugat organlarynyň kompýuterlerini ele geçirmek, döwlet syrlary bilen birlikde möhüm maglumatlary ogurlamak üçin ýanwar aýyndan bäri dürli usullar arkaly Türkiýäni nyşana alandygyny mälim edýär. Habarda Kreml tarapyndan goldanýan rus hakerleriniň öňki hepde Premýer ministrligiň we Mejlisin kompýuterlerine girmek üçin “Oýnatgy tupany" atlandyrylan ägirt uly kiber içalylyk hüjümini gurandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak" gazeti “Türk Telekomdan deňiz astyna kiber" söz başyly habarynda, dünýäniň esasy we ýokary hili deňiz asty maglumat geçirijilerinden birini guran “SEA-Me-WE-5" konsorsiumyna agza bolan ýeke-täk türk firmasy “Türk Telekomyň" şol çäkde halkara deňiz asty kiber kabelleşdiriş ulgamya Marmaris bekedini hem degişli edendigini, 2016-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga beriljek ulgamyň Aziýadan Ýewropa 20 müň kilometrden hem uzyn aralykda Türkiýe bilen birlikde 17 ýurdy birikdirjekdigini mälim edýär.

“Hürriýet" gazeti “Huber köşgi abatlanýar" söz başyly habarynda, Prezident tarapyndan ulanylýan Tarabýa etrapçasynda ýerleşýän Huber köşkünde we Paýtunhanada abatlaýyş işleriniň başlandygyny, taryhy binalaryň zyýan çekmezligi üçin ýörite örtgiler bilen örtülendigini, Goraýyş geňeşi tarapyndan tassyklanan taslama görä taryhy binalaryň zaýalanan bölekleri bilen orginal bolmadyk ýerleri sökülip, ýaňadandan dikeldiljekdigine ünsleri çekýär.

“Star" gazeti “Üç derýa, bir adam: Nil, Dunaý we Orhun" söz başyly habarynda, professor Haluk Dursunyň şol üç derýanyň kenarlarynda Osman medeniýetiniň yzyny yzarlaýandygyny, Nil derýasyndan soň Dunaý derýasy barada kitap ýazan Dursunyň indiki kitabynda Orhun derýasy barada ýazjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar