Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

442239
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.03.2016

“Sabah" gazeti: “Wattaradan Erdogana öwgüli sözler" söz başyly habarynda, Kot-d Iwuaryň döwlet ýolbaşçysy Alassane Wattaranyň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň saparyndan örän hoşal bolandygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet Wattaranyň: “Bu sapar biz üçin örän wajyp. Biz siziň liderligiňiziň dünýäde nähili derejede takdyr edilýändigini bilýäris. Biz Kot-d Iwuaryň we Afrikanyň wajyp dostuny, beýik döwlet adamsyny garşylamkadan örän hoşal. Zamananyň beýik döwlet ýolbaşçysyny bu ýerde garşy alýarys. Erdogan häkimýetiň başyna geçeninden bäri güýçli Türkiýäni, güýçli ykdysadyýeti emel getirdi. Şu günki günde Türkiýe dünýäniň iň uly 16-njy, Ýewropanyň bolsa 6-njy uly ykdysadyýetine eýe" diýendigini belleýär.

“Star" gazeti: “Fitch Ratingsden Türkiýä uly öwgi" söz başyly habarynda, Fitch Ratingsiň Baş müdüri we Türkiýe boýunça Analizçisi Gambleniň: “Ähli faktorlary jemlänimizde Türkiýede soňky 6 aýda durnklylygyň bardygyny görýäris. Eýran uly bazar hökmünde daşary ýurda açylýar. Bu Türkiýe üçin uly pursat. Türkiýe nebitiň bahalarynyň arzanlamagyndan iň köp peýdalanan ýurtlaryň biri. Türkiýäniň döwlet bergisiniň azalmagynyň we bar bolan maliýe pozisiýasynyň “Maýa goýulyp biliner" derejesiniň esasyny emele getirýär" diýendigini habar berýär.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Türkiýe Günorta gaz koridory boýunça erjel" söz başyly habarynda, Türkiýäniň geosyýasat boýunça energetika koridorynyň üstünde merkezi ýagdaýdadygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň energetika merkezindäki ýagdaýyny güýçlendirýän iň wajyp taslama bolan Günorta gaz koridorynyň 2-nji maslahatynyň Azerbaýjanda geçirilendigini nygtaýar. Gazet Bakuwda geçirilen maslahatda çykyş eden Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň Türkiýäniň TANAP we Günorta gaz koridory taslamalaryna syýasy, tehniki we ykdysady taýdan berýän goldawlaryny dowam etdirjekdiklerini aýdandygyna ünsi çekýär. Habarda TANAP taslamasynyň çäginde Azerbaýjandan Türkiýä 6 milliard kub metr we Ýewropa 10 milliard kub metr tebi gaz akdyryljakdygy beýan edilýär.

“Hürriýet" gazeti: “Merkeliň aýdany hakykat bolýar. Ýeke täk çäre Türkiýe" söz başyly habarynda, howalaryň ýylamagy bilen birlikde Ýewropa geçmäge synanyşýan bosgunlaryň Egeý deňiziniň kenarlaryna üýşmäge başlandygyny, Germaniýanyň Premýer ministri Angela Merkeliň bolsa ýene-de bir gezek 7-nji martda Brýusselde geçiriljek ÝB-Türkiýe ýokary derejeli maslahatdan ozal bosgun krizisiniň diňe Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk edilip hötdesinden gelinip bilenjekdigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Ýewropada serhetleriň ýapylmagyna garşy çykýan Merkeliň Brýusselde Türkiýe bilen ylalaşyga geljekdiklerine ynanýandygyny, çözgüdiň bütin Ýewropa bolup Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk edilip tapyljakdygyny aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk" gazeti: “Weronada kebap jedeli" söz başyly habarynda, türk tagamlary bolan kebabyň we dürümiň italýanlaryň ünsini barha çekýändigini habar berýär. Gazet Italiýanyň Werona şäherinde kebabyň we dürümiň satuwlarynyň barha artmagy sebäpli, italýan taganlaryny goramak maksady bilen şäheriň merkezinde beýleki ýurtlaryň tagamlarynyň satuwynyň gadagan edilendigini nygtaýar. Habarda kabul edilen kararyň italiýan mediasynda “Kebap gadagançylygy" hökmünde teswirlenendigi bellenýär. Gazet Weronanyň häkimi Flawio Tosiniň kararyň Werona sebitiniň däp bolan tagagamlaryny goramak maksady bilen kabul edilendigine ünsi çekýär.



Degişli Habarlar