Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.02.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

441388
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.02.2016

“Ýeni Şafak" gazeti “Terror guramasy PKK harby däl geçelgäni bombalady" söz başyly habarynda, Diýarbakyr welaýatynyň Sur etrabynda asuda ilatyň halas edilmegi we boýun egmek isleýän terrorçylaryň geçmegi üçin açylan howpsyzlyk geçelgesine terror guramasy tarapyndan partlaýyjylaryň goýulandygynyň anyklanandygyny ýazýar. Gazet Diýarbakyryň guberniýasyndan berilen beýanatda terrorçylaryň raýatlaryň halas edilmegi üçin operasiýalara arakesme berilmegini pursat saýyp, ara köçelere bomba goýandygyny habar berendigini mälim edýär. Habarda terrorçylaryň bomba goýýan pursadynyň uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan ýazga alynandygy nygtalýar.

“Haber Türk" gazeti “Russiýa ylalaşygy bombalady" söz başyly habarynda, Siriýada hüjümleriň bes edilmegi barada yglan edilen ylalaşygyň güýje girmeginiň ertesi gün hüjümleriň başlandygyny mälim edýär. Habarda rus uçarlarynyň Halabyň günbatarynda ýerleşýän Al Hadi obasyna we 6 etrapça guran howa hüjümlerinde 10 adamyň ýogalandygy aýan edilýär. Gazet etrapda raýat goranyş işgärleriniň rus uçarlary bilen hökümete degişli güýçleriň Halapda, İdlibde, Hamada, Homsda we Derada oppozisionerleriň gözegçiligindäki ýerlere hüjüm edip, ylalaşygy bozandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Watan" gazeti “İş başlady" söz başyly habarynda, bosgunlaryň Egeý deňizindäki umyt ýolundaky ýitgilerini azaltmak we serhetlere gözegçilik etmek maksady bilen işe girişen NATO degişli harby we halas ediş gämileriniň Egeý deňizine işe başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda NATO degişli gämileriň Türkiýäniň we Gresiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk güýçlerine maglumat berjekdigi mälim edilýär.

“Hürriýet" gazeti “Dünýäniň iň uly howa operasiýasy" söz başyly habarynda, žurnalist Fatih Çekirgäniň habar bermegine görä Türk Howaýollarynyň Baş müdiri Temel Kotiliň: “2018-nji ýylda dünýäniň iň uly howa menzili açylýar. Bu taýda esasy faktor Hytaý bolar. Şu günki güne çenli uçuşlarynyň 80 göterimi içerki gatnawlarda bolan Hytaýyň halkara giňişligi ägirt uly potensial döreder. Ýewropa uçmak üçin iň girdejili ýol Stambulyň üstaşyr gitmek bolar. Ol hem Aziýadaky ýolagçy potensialynyň Hytaý bilen Stambula gönükdirşlmegi diýmeklikdir. Biziň Ýewropa goýan maýamyz dünýäniň iň uly howa menzili Stambul Hytaýyň işe girişmegi bilen arşa galar" diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah" gazeti “Ženewada Türk güni" söz başyly habarynda, şu ýyl 86-njysy geçirilýän Halkara Ženewa awtoulag sergisinde Türkiýä aýratyn üns beriljekdigini mälim edýär. Gazet Türkiýede öndüriljek täze modelleriň ilkinji gezek Ženewada görkeziljekdigini, 1 milliard dollarlyk maýa goýumy bilen “TOFAŞ-yň" öndüren “Egea" model ulaglarynyň dünýä premýerasynyň şol sergide geçiriljekdigini ýazýar.



Degişli Habarlar