Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.02.2016

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan uğurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

428890
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.02.2016

“Star" gazeti: “Kerrä ol ýaraglar barada soraldy" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň 2 hepdäniň dowamynda 5 gezek ameriklay kärdeşi Jon Kerri bilen söhbetdeş bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Çawuşoglynyň Kerrä Türkiýäniň hökümetiniň Prezident Obamanyň ýörite wekili Makkarkyň terror guramasy ÝPG bilen duşuşandygy sebäpli we PKK-a garşy operasiýada ele salynan ABŞ-na degişli ýaraglar sebäpli binjalyk bolandygyny aýdandygyny belleýär.

“Haber Türk" gazeti: “Nobel komitedine Kilis mekduby" söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Adam hukuklaryndan jogapkär ýolbaşçysynyň orunbasary Aýhan Sefer Üstüniň Nobel baýragynyň öz ilatyna barabar siriýaly bosgunlary kabul eden Kilis şäherine berilmegi üçin Nobel komitetine ýüz tutandygyny mälim edýär. Gazet Üstüniň Nobel baýragynyň Türkiýäniň şäherleriniň arasynda 2011-nji ýylda Siriýada başlan içerki söweşiň netijelerine görä ýokary işjeňlik görkezen Kilise berilmegi üçin maslahat berendigini nygtaýar. Habarda Siriýa serhedi bolan Kilisiň ilatynyň 129 müň adamdygy, kabul eden bosgun sanynyň bolsa 120 müň adamdygy ýazylýar.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Ýewropa bosgun akymy" söz başyly habarynda, Siriýanyň Halap şäherinde Asada bagly güýçleriň Russiýanyň we Eýranyň goldaw bilen gyrgynçylyklar etmäge başlamagy bilen ýene-de 100 müň töwerek adamyň Türkiýä tarap ýola çykandygyny habar berýär. Gazet Türkiýedäki bosgun sanynyň 3 milliona golaýlaşmagy bilen Ýewropa barýan gapylaryň ýaňadandan açylmagynyň gün tertibe gelendigine ünsi çekýär. Habarda çadyrlarda we şäherlerde ýaşaýan bosgunlaryň Ýewropa gitmek üçin taýarlyk görmäge başlandyklary bellenýär. Gazet azyndan 2 million bosgunyň 28-nji fewralda geçiriljek Ženewa gepleşiklerinden tamalaryny üzendigini we howalaryň ýylamagy bilen Ýewropa tarap ýola çykjakdyklaryny nygtaýar.

“Hürriýet" gazeti: “Bosgun akymy Günbataryň ýalňyşlygy" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň adam hukuklary guramalarynyň biri bolan 'Freedom House'-yň başlygy Mark P. Lagonyň ÝB-niň bosgun akymy sebäpli Türkiýä yzynda durup bilmejek sözler berendigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Lagonyň: “ABŞ we ÝB hem bosgunlar meselesinde hem-de Asadyň Siriýadaky gyrgynçylyklary meselesinde liderlik görkezip bilmediler. Bosgun akymy Siriýada Günbataryň eden ýalňyşlyklary sebäpli boldy" diýendigini beýan edýär.

“Sabah" gazeti: “Gara deňize ýörite syýahatçylyk goldawy" söz başyly habarynda, soňky ýyllarda Gara deňiz sebitine bolan gyzyklanmanyň sebitiň syýahatçylyk pudagyna berilýän ünsleri artdyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Gara deňiz sebitindäki syýahatçylyk ýerlerine Arap ýurtlaryndan, Uzak Gündogardan we Ýewropadan syýahatçy çekmek üçin işleriň başladylandygyny habar berýär. Gazet Prezident R.T. Erdoganyň buýrugy bilen Gara deňiz sebiti üçin ýörite meýilnama taýarlanandygyny belleýär.



Degişli Habarlar