Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.12.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habalar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

410579
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.12.2015

“Star” gazeti “Halk terror guramasy PKK uly garşylyk görkezýär” söz başyly habarynda, Diýarbakyr welaýatynda ýokary amatly şertlerde ýaşaýan käbir töwerekleriň ýoksul halka meçew berýändigini ýazýar. Gazet ýokary amatlykly öýlerde ýaşaýan şol elitleriň halky köçä çykarmak üçin oýlap tapýan ýalanlaryna halkyň indi ynanmaýandygyny mälim edýär. Diýarbakyr welaýatynda pes girdejili kürt raýatlaryň ýaşaýan Sur etrabynda çaknyşyklar dowam edýärkä Ýenişehir we Dijlekent ýaly barlylaryň ýaşaýan etraplarynda ýekeje hendegiň ýokdugy, ýarag sesleriniň eşidilmeýändigi, haoslar bilen meçew berýän şol barly gatlaklaryň garyplygyň höküm sürýän ýerlerine maýa goýulmagyna hem päsgel berýändikleri nygtalýar.
“Hürriýet” gazeti “Terrorçylyga garşy Yslam güýji” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen birlikde 34 ýurduň Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmeginde terrorçylyga garşy “Yslam hyzmatdaşlygy” atly harby hyzmatdaşlyk döredendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şol hyzmatdaşlyga şaýy Eýranyň goşulmanlygynyň ünsleri çekýändigini ýazýar. Habarda merkezi Saud Arabystanynda ýerleşjek harby hyzmatdaşlygyň halkara guramalary we global hyzmatdaşlyklar bilen ugtgaşykly hereket etjekdigi nygtalýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Nebitde 30 dollar aladasy” söz başyly habarynda, çig netibiň nyrhynyň soňky 7 ýylyň iň aşak çägine düşmeginiň ykdysady taýdan esasan nebitden alynýan girdejä bagly bolan ýurtlary aladalandyrýandygyny ýazýar. Habarda Russiýada berrel başyna düşýän önümçilik gymmatynyň 40-50 dollara barabardygy, Russiýada çekilen ýitginiň 100 milliard dollara baryp ýetendigi mälim edilýär. Gazet Russiýanyň 2016-njy ýylyň býujetini barrel başyna 50 dollar nebit hyrhyna görä taýarlandygyny ýatladýar. Nebitiň nyrhynyň aşaklamagynyň Türkiýe üçin bähbitlidigi, energiýa sarp edilýän çykdajynyň 21 milliard dollara çenli aşaklamagyna garaşylýandygy halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Ýeni Akit” gazeti “Türk halky rus uçarynyň urlup düşürilmegini ýerlikli hasaplaýar” söz başyly habarynda, belli iňlis ylmy barlag firmasy “Populysyň” Halkara rus harbarlar gullugy “Sputnik” üçin geçiren “Sputnik garaýyşlar” sowalnamasynyň tamlanandygyny, şoňa laýyklykda türklerin 71 göterimi rus uçarynyň Türkiýe tarapyndan urlup düşürilmeginiň ýerliklidigi barada pikir edýändigini ýazýar. Sowalnama görä türkleriň 64 göterimi Russiýanyň Siriýadaky operasiýasyna garşy durýar.
“Sabah” gazeti “Gollandiýa 22 ýylda Aýasofiýa” söz başyly habarynda, Gollandiýanyň paýtagty Amsterdamda ýaşaýan türkleriň 1993-nji ýylda gurluşygyna başlanan metjidi tamamlap barýandygyny ýazýar. Amsterdamyň Kinker etrabynda gurulýan Aýasofiýa metjidiniň gurluşygynyň 90 göteriminiň tamamlanandygy, 22 ýyldan bäri dowam edýän kazyýet işiniň tamlanmagy netijesinde metjidiň ybadata açyljakdygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar