Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.12.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

409916
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.12.2015

“Hürriýet” gazeti: “Russiýanyň harby gämisi Bosfor bogazynda suw asty gämi tarapyndan gözegçilik edildi” söz başyly habarynda, Russiýanyň harby flotyna degişli bolan Sezar Kunikow atly harby gämi Türkiýäniň harby flotyna degişli bolan suw asty gämi tarapyndan Bosfor bogazynda gözegçilik edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 4-nji dekabrda şol rus gäminiň bogazy geçýän wagty üstündäki rus esgeriniň egninde roketa daşandygy sebäpli iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp bolandygyny belleýär. Habarda Türkiýäniň suw asty gämisi 3-nji rus gämisiniň bogazyň 3-nji köprüsini geçýänçä çenli gözegçilik edendigi nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Mosuldaky esgerlere ilkinji buýruk” söz başyly habarynda, Mosula tälim bermek maksady bilen ugradylan türk esgerlerine ilkinji buýrugyň berilendigini mälim edýär. Gazet buýruga laýyklykda esgerleriň bir böleginiň Yragyň demirgazygyna ýerleşdirilendigine ünsi çekýär. Habarda ol ýere ugradylan esgerleriň peşmerge güýçleri bilen bilelikde terror guramasy DAEŞ-den Mosulyň suw howdanyny gorajakdygy ýazylýar.

“Star” gazeti: “Türkiýä maýa goýum syýasaty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ÝB bilen agzalyk gepleşiklerinde barlag-seljeriş ugurlaryndan 17 belgili Yksady we pul syýasatynyň açylandygyny habar berýär. Gazet Türkiýäniň ÝB bilen agzalyk gepleşiklerinde 17 belgili Yksady we pul syýasatynyň açylmagynyň ýurduň ykdysadyýetine uly goşant goşjakdygyny belleýär. Gazet işewür adamlaryň ÝB bilen Türkiýäniň arasynda başlanan şol gepleşikleriň iki sebitiň gatnaşyklaryny has hem güýçlendirjakdigini we daşary ýurt maýadarlaryň Türkiýä bolan ünsini has hem artdyrjakdygyny aýdandyklaryny beýan edýär.

“Watan” gazeti: “Mejbur boldy” söz başyly habarynda, Türkiýä garşy ykdysady sanksiýalary goýan Russiýanyň hökümetiniň Sankt Peterburgdaky ulag kärhanalarynyň işleriniň togtamagy sebäpli gümrüklerde garaşdyrylýan şol kärhanalara senagat harytlaryny getirýän türk ulaglarynyň geçmegine rugsat berendigini mälim edýär. Gazet Sankt Peterburgdaky Senagat syýasaty komitetiniň başlygy Maksim Meiksiniň Sankt Peterburgdaky Toýota firmasy üçin 11, Boş-Simens firmasy üçin bolsa 2 ýük ulagynyň gümrük geçelgesinden geçirilendigine, beýleki ýük ulaglarynyň bolsa gümrüklerde garaşdyrylýandygyna ünsi çekýär.

“Sabah” gazeti: “Maşgala lukmanlaryň ýerleri kiçijek hassahanalara öwrüler” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Müezzinoglynyň şol merkezleriň kiçijek hassahanalara öwrüljekdigini. öňümizdäki 6 aýyň dowamynda esasy 3 meseläniň durmuşa geçiriljekdigini aýdandgyny habar berýär. Habarda şol çäkde 3-4 maşgala lukmanynyň bolan ýerinde 1 diş lukmanynyň, 1 tiz kömek ulagynyň, psihologyň we berhiz lukmanynyň boljakdygyny, her gün irden 8-den agşam 20-ä çenli işlejekdigini, ilkinji etapda 1 müň, jemi bolsa 3 müň şolar ýaly binanyň boljakdygyny nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar