Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.12.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileti tutulýan uğurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

407742
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.12.2015

“Ýeni Akit” gazeti “Ynsanperwer kömek guramasy İHH 80 müň ýetime el uzatdy” söz başyly habarynda, İHH-niň dünýä boýunça ýetimlere ynsanperwer kömegini berýändigini ýazýar. Gazet şu günki güne çenli 80 müň ýetime el uzadan İHH-nyň 5 million ýetime ynsanperwer kömegini bermegi maksat edinýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Bir musulman hökmünde dünýädäki ähli ýetimlere kömek bermegiň özleri üçin jogapkärçilik bolup durýandygyny beýan eden İHH-nyň başlygy Bülent Ýyldyrymyň, durmuşa geçirýän işleriniň özlerini we Türkiýäni buýsandyrýandygyny aýdandygy nygtalýar.
“Star” gazeti “Putine köýnek urgusy” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen başdan geçirilen uçar dartgynlygyndan soň ykdysady sanksiýa goýjakdygyny aýdan Russiýanyň Preizdenti Wladimir Putiniň köýnek we kir ýuwulýan maşyn urgusyna sezewar bolandygyny mälim edýär. Habarda üstüne Türkiýä garşy şygarlar ýazyljak köýnekleriň Türkiýeden import edilýän matalaryň gümrüklerde garaşdyrylmagy sebäpli öndürilmegine başlanyp bilinmeýändigine üns çekilýär. Gazet Putine senagat pudagynda-da agyr zarbanyň urlandygyny, “Bosh-Siemens” fabriginiň Türkiýeden gidýän önümleri gümrüklerde saklananlygy sebäpli kir ýuwulýan maşynlaryň önümçiliginiň durandygyny, Russiýada dokma we senagat pudagyna-da agyr ýitginiň çekilýändigini ýazýar.
“Sabah” gazeti “Ertir gökden meteor ýagar” söz başyly habarynda, 2015-nji ýylyň soňky we esasy wakalaryndan biri bolan “Geminidler meteor ýagyşynyň” ertir agşam (14-nji dekabr) 19:00-da başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Nobel baýrakly türk professory täze açyşyny yglan eder” söz başyly habarynda, professor Aziz Sanjaryň öýjükleriň zaýalanan DNK-laryny nähili bejerendigini we genetiki özbolyşlygyny gorap saklaýandygyny görkezýän ylmy barlaglarynyň netijesinde 2015-nji ýyldaky Nobel himiýa baýragyna laýyk görülendigini, türk alymynyň täze açyşyny bolsa golaýda yglan etmegine garaşylýandygyny ýazýar. Meşhur alymyň Prezident R.T.Erdoganyň çakylygyna laýyklykda geljek hepde Türkiýä geljekdigi mälim edilýär.
“Haber Türk” gazeti “Mesnewiniň iň gadymy nushalaryndan biri ilkinji gezek neşir edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň golýazma eserler edarasynyň käbir gadymy golýazmalaryň göçürmelerini neşir etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şol neşirleriň hatarynda Möwlananyň Mewnesiniň mundan 643 ýyl ozal, 1372-nj ýylda göçürilen nushasynyň hem bardygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar