Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.12.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

404772
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.12.2015


“Hürriýet” gazeti “ Dawutogly: Zerrur halatynda biz hem embargo goýup bileris” diýdi” söz başyly habarynda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Russiýanyň goýjak embargolaryna garşy degişli çäreleriň görlendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet Russiýa tarapyndan atylýan töhmetmelere garamazdan parasatly tutum alyp barýandyklaryny we sabyrdyklaryny nygtan Premýer ministr Dawutoglynyň Putine çagyryş berendigini “Eger biz Ukrainanyň çagyryşyna gulak asyp Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň tarapdarlaryny Russiýanyň howa giňişligini bozup bombalan bolsadyk eýsem Putin näme pikir ederdi” diýip ýüzlenendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Barzani: türk esgerleri gazanylan ylalaşyga laýyklykda Mosula geldi” diýdi” söz başyly habarynda Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Premýer ministri Mesut Barzaniniň türk esgeriniň gazanylan ylalaşyga laýyklykda Mosulda iş alyp barýandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet Mesut Barzaniniň şu gün Ankara gurajak saparynyň çäginde terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşde Türkiýäniň oýnajak rolynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belleýär.


“Ýeni Akit” gazeti “DAEŞ-iň agzasy DAEŞ-iň çykarýan nebitini Asada satýandygyny boýun aldy” söz başyly habarynda Siriýada oppozisionerleriň terror guramasy DAEŞ bilen Asadyň hyzmatdaşlyk edýändigini subut edýän wideony ýaýlyma berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Wideo ýazgyda Halap welaýatynda oppozisionerler tarapyndan zamun alynan DAEŞ-iň agzasy bolan başbozar, guramanyň gözegçiligi astyndaky ýerlerden çykýan nebitini Asada satýandygyny aýdýar. Başbozar nebitiň Halap welaýatyyň gündogarynda we günortasynda Deýr Hafer, Hanasyr we Mefrak Zekiýýe etrapçalarynyň üsti bilen Siriýanyň hökümetine satylmagy üçin tankerlere ýüklenendigini aýdýar.

“Haber Türk” gazeti “Bilal Erdogan İtaliýan gazetine möhüm beýanat berdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň ogly Bilal Erdoganyň İtaliýanyň köp tiražly gazetlerinden biri bolan Korriera Della Sera beýanat berendigini ýazýar.
Gazet Russiýanyň öňe sürýän garaýşynyň hakykaty beýan etmeýändigini we özüniň nebit daşaýan gämisiniň ýokdygyny aýdan Bilal Erdoganyň, terror guramasy DAEŞ-iň yslam dininiň wekili bolmandygy we ýurdunyň esasy duşmanydygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet Bilal Erdoganyň “Türkiýe näme üçin Siriýa serhedini ýapmandygy” hakyndaky soraga bolsa “Biz ara zolagyň döredilmegini isledik, emma gynansakda bize gulak asan bolmady” diýip jogap berendigini ýatladýar.

“Sabah” gazeti senagat önümçiliginiň oktýabr aýynda 14,7 göterim ösendigini we soňky 5 ýylyň iň ýokary çägine çenli baryp ýetendigini belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar