Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.12.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

401838
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.12.2015

“Watan” gazeti “Alsaň näme bolar, almasaň näme bolar?” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň türk harytlaryna embargo goýmagyny tankyt edendigini ýazýar. Habarda Stambul Maslahatlar Merkezinde geçirilen “Türkiýe İnnowasiýa Hepdeliginiň” ýapylyş dabarasynda çykyş eden Erdoganyň “Diýeliň 1 milliard dollarlyk eksportymyz bolsun. Alsaň näme bolar, almasaň näme bolar? Başga mümkinçilikler dörär. Täze mümkinçiliklerem döremäge başlady” diýen sözleri ýerleşdirilýär. Gazet Erdoganyň “Beýleki tarapdan Russiýa bilen aramyzdaky meseleleriň tebigy gaz, Akkuýy ýadro energiýa bekedi ýaly taslamalara täsir ýetirjekdigini görkezýän alamat ýok. halk köpçüliginde Türk akymy taslamasynyň Russiýa tarapyndan bes edilendigi barada habarlar çykýar. Tersine Türk akymy isleglerimiz kanagatlandyrylmanlygy sebäpli biz tarapdan saklandy. Biz dartgynlygyň möwjemegini islemeýäris. Olaryň özleri ýaly çemeşmeýäris, biz diplomatik dil bilen gepleşýaris” diýendigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Demirgazyk Yrakda 2 müň türk esgeri” söz başyly habarynda, resmi Ankaranyň Demirgazyk Yragyň Kürt Awtanomiýasy bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda DAEŞ-iň gözegçiligindäki Mosul şäheriniň golaýyndaky Başika etrabyndaky baza tankçylar bilen birlikde 600 esger ugratmagynyň dünýäniň ünsüni çekendigini mälim edýär. Gazet Türkiýäniň ýerli güýçlere tälim bermek üçin Başikadaky güýçlerini artdyrmaga dowam etjekdigini, Bamerni we Başika etraplaryndaky türk esgerleriniň sanynyň iki müňe ýetiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Syýahatçylyk pudagy üçin “ýörite bukja” taýarlanýar” söz başyly habarynda, Antalýada geçirilen “Russiýa” maslahatynda syýahatçylaryň isleglerini diňlän Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mahir Ünalyň pudagyň wekillerine “Bu çykgynsyzlygy pursada öwüreris” diýip ýüzlenendigini mälim edýär. Habarda 2,5 sagat dowam eden maslahatda konkret netijäniň ýangyç ýeňilliginiň döredilmegi bolandygy, pudakdan alynan islegleriň Ministrler kabinetinde we Ykdysady utgaşyklyk geňeşinde gün tertibine getirjek ministr Ünalyň Stambulda giň gatnaşykly ikinji maslahatyň geçiriljekdigini aýdandygy nygtalýar.
“Ýeni Akit” gazeti “Bilimde täze format” söz başyly habarynda, Milli bilim ministrligi tarapyndan “Bilim tehnologiýalary maslahaty 2015-iň” geçirilendigini ýazýar. Gazet Maslahaty açan Milli bilim ministri Nabi Awjynyň şu günki bilim modeliniň 19-njy asyrda esaslandyrylandygyny aýdandygyny ýazýar. Habarda bilimiň milli tejribesini we usulyýetlerini gorap saklap, şol bir wagtda-da döwrüň şertlerine görä kämilleşdirilmeginiň hökmanydygyny nygtan ministr Awjynyň “Üssesine-de kämilleşdirip uzak möhlet dolandyrmak indi mümkin däl. Bilim şertleri yzgiderli häsýetde kämilleşdirilmegi we döwrebaplaşdyrylmaly, netijelilik esasy maksat bolmaly” diýen sözleri ýerleşdirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar