Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.11.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

414067
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.11.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Iş wagty başlaýar” söz başyly habarynda, 1-nji noýabrdaky saýlawlarda üstün çykan Adalat we ösüş partiýasynyň etjek işleriniň ýakyn wagtda başlaýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet hökümetiň ediljek işleriň programalaryny we meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 9-11-nji dekabr aralygynda Afýonkarahisarda ýygnanjakdygyny belleýär. Habarda Afýonkarahisardaky ýygnakda täze döwrüň ugrunyň kesgitlenjekdigini, täze konstitutsiýa, ykdysady maksatlar, Siriýadaky krizis, Ak partiýanyň beren wadalary bilen birlikde ençeme meseläniň gözden geçiriljekdigi ýazylýar. Gazet Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň hökümet gurulandan soň ilkinji daşary ýurt saparlaryny DKTR-na, Azerbaýjana we Yraga gurajakdygyna ünsi çekýär.

“Ýeni Akit” gazeti: “Daşary ýurtlylar gozgalmasyz emläge hüjüm etdi” söz başyly habarynda, 8-nji noýabrda öz işini tamamlan CNR 2015 ýaşaýyş jaý, iş ýeri satyn almak, kireýine almak we maliýe sergisine daşary ýurtlylaryň uly gyzyklanma bildirendigini mälim edýär. Habarda daşary ýurtlylaryň sergide ençeme taslamany satyn alandygyny, esasan hem arap maýadarlaryň Gara deňiz sebitinde gozgalmaýan emläk taslamalaryna gyzyklanma bildirendigini nygtaýar.

“Sabah” gazeti: “3-nji köpri koreýalylary Stambula baglady” söz başyly habarynda, iki materigiň birikmegine 439 metr galandygyny habar berýär. Gazet gurluşygy öňümizdäki ýyl tamamlanjak Ýewropany Aziýa bilen birleşdirjek 3-nji köprüniň gurluşygyna 400 koreýaly hünärmeniň alynandygyny beýan edýär. Habarda koreýalylaryň Türkiýä haýran galýandygyny bellän inžener Teddy Hwang özi ýaly köp sandaky koreýalynyň Türkiýede ýaşamak isleýändigini ýazýar.

“Watan” gazeti: “Ýük ulagy bilen safara girdi” söz başyly habarynda, Ford Otosanyň Kargo ýük ulagy bilen Afrika bazarlaryna girendigini mälim edýär. Gazet 5 ýylda 50 ýurdyň bazarlaryna girmegi maksat edinýän kärhananyň öndüren ýük ulaglarynyň 1/3 bölegini dünýä bazarlaryna ugratjakdygyny we ýyllyk eksportyň 10 müň ulaga ýetjekdigini nygtaýar.

“Hürriýet” gazeti: “Ekranlarda italiýan hepdeligi” söz başyly habarynda, Ankarada 6-njy Italiýan film festiwalynyň geçirilýändigini habar berýär. Gazet şu gün başlajak festiwalda 8 filmiň 15-nji noýabra çenli görkeziljekdigine ünsi çekýär. Habarda festiwalyň kömegi bilen italiýan medeniýetini has ýakyndan tanyşdyrmak maksat edinilýär. Gazet festiwalda ilki bilen Edoardo Winspeareniň “Taňrynyň merhemedi” filminiň soň bolsa “Bagtyýarlyk kürsüsi”, “Allanyň her güni”, “Surnaýyň soňky deşigi”, “Adamzat faktory”, “Ertiriň haýyrly bolsun kaka”, “Ynanýardyk”, “Menden daş dur” atly filmleriniň görkeziljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar