Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.11.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

361517
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.11.2015

“Haber Türk” gazeti: “Egeýde gaçgak gorkusy: Zeýtun ekinimize baryp bilemzok” söz başyly habarynda, Çanakgalanyň Gresiýanyň Lesbos adasynyň garşy tarapynda ýerleşýän obalary eýýäm 1 ýyl bäri Ýewropa gitmek isleýän gaçgaklaryň akymyna sezewar ýagdaýdadygyny mälim edýär. Gazet dynç almaga gelen adamlaryň azalmagy bilen sebitiň biraz hem bolsa asudalaşandygyny, emma sebitiň indi bolsa adam söwdasyny edýänleriň we daşary ýurtly gaçgaklaryň akymyna sezewar bolandygyny nygtaýar. Habarda obanyň ýaşaýjylarynyň ozaldan gapylaryny gulplamaýandygyny, emma indi bolsa agşam daşary çykmaga hem gorkýandyklaryny aýdandyklary bellenýär. Gazet obanyň ýaşaýjylarynyň girdeji alýan zeýtun ekinleriniň bosgunlaryň akymyna sezewar bolandygyny, adam söwdasyny edýän toparlaryň bosgunlary Gresiýa alyp gitmezden ozal zeýtun ekinleriniň içinde ýygnaýandygyny, ýaşaýjylaryň bolsa şol sebäpli hasyllaryny ýygnap bilmeýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti: “Baýdakly çagalar döwletiň goragy astynda” söz başyly habarynda, Diýarbakyrda ýere düşürilen baýdagy ýokaryk galdyranlary üçin PKK-nyň agzalary tarapyndan haýbat atylan çagalaryň döwlet tarapyndan gorag astyna alynanadygyny habar berýär. Gazet terror guramasyna agza terrorçylar we tarapdarlary tarapyndan elmydama gorkuzylýandygy üçin öýünden çykyp bilmeýän we mekdebe gidip bilmeýän Emirhanyň, Uguryň we Mehmediň döwlet tarapyndan gorag astyna alynandygyny we olaryň kakalarynyň işe ýerleşdiriljekdigini aýdýar.

“Watan” gazeti: “Türk lirasynyň 4 ýylyň iň gowy netijesi” söz başyly habarynda, Türk lirasynyň oktaýbr aýynda dollara we ýewro garanyňda gymmadynyň ortaça 4,4 göterim artyp, soňky 4 ýylyň iň çalt ösüşine eýe bolandygyny nygtaýar. Gazet 50 göterim dollardan we 50 göterim ýewrodan ybarat bolan walýuta sebetiniň oktýabr aýynda türk lirasyna garanyňda 4,4 göterim peselip, 2012-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri iň çalt peselişe sezewar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Öý dokmaçylygynda maksat 2-nji orunda bolmak” söz başyly habarynda, Türkiýäniň barha ösüp barýan pudagy bolan öý dokmaçylygy pudagynyň Hytaý, Hindistan we Pakistandan soň dünýäde 4-nji orunda barýandygyny, emma Eýranyň bazarlaryna açylmagy bilen pudagyň dünýäde 2-nji oruna geçmek maksat edinýändigini mälim edýär. Gazet şol maksada uly goşant goşan Tome&Tex sergisine 67 ýurtdan myhman gelip görendigini belleýär. Habarda dünýäniň iň uly 4-nji öý dokmaçylygy sergisi bolan Tome&Tex sergisine 500-den gowrak firmanyň gatnaşandygy ýazylýar.

“Star” gazeti: “985 lira berip Tarkanyň konsertine tomaşa etdiler” söz başyly habarynda, Tarkanyň düýn agşam Monakodaky Monte-Karlo ýyldyzlar zalynda konsert berip, çykyş edendigini habar berýär. Gazet Tarkanyň petekleriniň 290 ýewro ýagny 985 lira satylandygyna we konserdi tomaşa etmäge 850-den gowrak adamyň gelendigine ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar