Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.10.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

405798
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.10.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Durnuklylyk üçin ses berler” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň 1-nji noýabrda geçiljek saýlawyň diýseň möhümdigine ünsi çekendigini nygtaýar.

Gazet Prezident Erdoganyň “1-nji noýabrda geçiriljek saýlaw şol bir wagtda durnuklylyk sese goýulşygydyr. Eger durnuklylyk isleýän bolsak, ynam isleýän bolsak onda haýsy partiýa we kime ses berjekdigimiz barada dogry pikirlenmegimiz gerek” diýen sözlerine ýer berýär.


“Hürriýet” gazeti “Düşnüşip bilmediler” söz başyly habarynda Siriýadaky içerki söweşiň bes edilmegi üçin düýn Wenada ABŞ, Russiýa, Türkiýe, Saud Arabystany we Eýran bilen birlikde 17 ýurduň daşary işler ministriniň duşuşandygyny habar berýär.
Gazet maslahatda hüjümleriň bes edilmegi meselesine garalandygyny emma maslahata gatnaşyjylaryň Siriýanyň lideri Asadyň geljegi meselesinde ýene-de düşnüşip bilmändigini ýazýar.
Gazet ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň, Russiýanyň we Eýranyň Asadyň geljegi meselesindäki garaýyş tapawutlylygynyň dowam edýändigine ünsi çekendigini belleýär.
Gazet Türkiýäniň Daşary işler ministri Feridun Sinirlioglynyň bolsa “Asad bilen parahatçylyk mümkin däl”diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Wenada Siriýa krizisiniň çözülmegi meselesiniň seljerilýän sagatlarynda paýtagt Damaskyň Duma etrabynda Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan hüjümlerde 47 adamyň ýogalandygyny we 100 adamyň ýaralanandygyny nygtaýar.


“Sabah” gazet daşarky söwda ýetmezçiliginiň nebitiň bahasynyň aşaklamagy sebäpli sentýabr aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 46,6 göterim azalandygyny ýazýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar