Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.10.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

397688
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.10.2015

Star” gazeti: “Erdogana ynanmak üçin 7 sebäp” söz başyly habarynda, Ýewropada çap edilýän Europa News gazediniň Türkiýäniň ÝB-ne doly agza bolmagy üçin Erdogana näme üçin ynanmalydygy barada makala çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Erdoganyň häkimiýeti döwründe Türkiýede bolup geçen özgerilişikler barada, Türkiýäniň Siriýa syýasaty we goldawlary barada, Erdoganyň Yslam we Ýewropa ýurtlaryny birleşdirýän adamdygyny ýazandygyny aýdýar. Gazet Ukrainadaky we Siriýadaky krizisi göz öňünde alanyňda Türkiýäniň Ýewropa üçin sebitde ýeke täk ynamly ýurtdygyny we energetika koridorydygyny belleýär.

Ýeni Şafak” gazeti: “Dünýä liderleri Siriýa krizisini Antalýada ara alyp maslahatlaşar” söz başyly habarynda, G20-niň ýokary derejeli maslahatynyň 10-njysy 15-16-njy oktýabrda Türkiýäniň döwürleýin başlyklyk etmeginde Antalýada geçiriljekdigini mälim edýär. Gazet ýokary derejeli maslahatda dünýä liderleriniň Siriýadaky krizisi we Asadyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşjakdygyny nygtaýar. Habarda Türkiýäniň maslahatda ABŞ-ny we Russiýany terror guramasy PÝD-niň sebite we bütin dünýä berýän terrorçylykly howpy babatynda duýduryş berjekdigi ýazylýar.

Sabah” gazeti: “PÝD, Asad we DAEŞ hyzmatdaşlyk edýär” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Times gazediniň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-niň wekilleriniň Russiýa sapar guramagy bilen käbir hyzmatdaşlyklaryň ýüze çykandygyny ýazandygyna ünsi çekýär. Gazet Sririýanyň döwlet ýolbaşçysy Başar Asadyň Moskwa sapar guramagyndan soň, terror guramasy PÝD-niň wekilleriniň hem Moskwa gitmeginiň Türkiýäniň we siriýaly oppozisionerleriň ençeme wagt bäri aýdyp gelýän “PÝD, Asad we DAEŞ hyzmatdaşlygy” tezisiniň anyk görekezisjisidigini belleýär.

Watan” gazeti: “Google Street View Türkiýede” söz başyly habarynda, Googlyň dünýäde iň köp ulanylýan gollanmasy bolan Gooogle Mapsyň ‘Google Street View’ gollanmasynyň Türkiýede hyzmat bermäge başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet mundan beýläk Türkiýäniň takmynan 70 welaýatynda we ýüzlerçe etrabynda köçeleri görüp bolýan kartalaryň boljakdygyny belleýär. Habarda ‘Google Street Viewiň’ ulaglaryň üstüne goýulan kamerlaryň saýasynda alynan suratlaryň birleşdirilmegi bilen döredilýändigi ýazylýar.

Hürriýet” gazeti: “Uzak ömürlileriň şäheri Ankara” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasy TÜIK-iň Ankaradaky erkekleriň ortaça 67,7 ýyl ýaşaýandyklaryny, zenanlaryň bolsa 81,9 ýyl ýaşaýanadygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet Türkiýäniň iň uzak ömürli erkeleriniň Anakaradaky erkelerdigini zenanlaryň bolsa Antalýadan soň 2-nji ýerdedigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar