Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.10.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

350456
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.10.2015

“Watan” gazeti: “Howa giňişliginde rus uçarlary” söz başyly habarynda, Russiýanyň MIG 29 kysymly uçarlaryň Türkiýäniň howa giňişligine girendigi we 2 sany türk F-16 kysymly uçarlarynyň yzyna düşendigi sebäpli bütin dünýäde krizis dörändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şol sebäpli NATO ağza ýurtlaryň gyssagly maslahat geçirendigini, maslahatda Russiýanyň bu eden-etdiliginiň ýazgarylandygyny belleýär. Habarda Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň ýagdaýyň gaýtalanan halatynda mundan soň boljak wakalaryň günäkäriniň Moskwa boljakdygyny aýdandygy ýazylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Daşary ýurtlylaryň maýa goýumynda 101 göterim bilen rekord” söz başyly habarynda, Türkiýä iýul aýynda daşary ýurtlylaryň göni maýa goýumlarynyň 3,4 milliard dollar bolandygyny habar berýär. Gazet bu möçberiň 2007-nji ýyldan bäri iň ýokary dereje bolandygyny we şu ýylyň ilkinji 7 aýynda daşary ýurtlaryň göni maýa goýumlarynyň mukdarynyň 9 milliard 715 million dollara ýetendigini nygtaýar. Habarda hünärmenleriň bu derejäniň Türkiýäniň ykdysadyýetine bolan ynamyny görkezýändigini aýdandyklaryna ünsi çekýär.

“Milliýet” gazeti: “Air Fransede dartgynlyk” söz başyly habarynda, Air Franseniň ýolbaşçylarynyň özüniň 2900 işgärini işden çykarandygyny habar berýär. Gazet kärhananyň işgärleriniň Parižiň Şarl de Goll adyndaky howa menzilinde ýerleşýän kärhananyň ofisine girendiklerini we kärhananyň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygynyň orunbasary Pierre Plissonnieri urandyklaryny we kärhananyň personallary boýunça müdüri Hawier Brosetanyň köýnegini we kostýumyny ýyrtandyklaryny belleýär.

“Star” gazeti: “Kösem bütin dünýä açyldy” söz başyly habarynda, dünýäniň iň uly telewideniýe sergisi Mipkomyň şu ýyl Türkiýede geçirilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet sergide “Ajaýyp asyr Kösem” teleseriýalynyň tanyşdyryljakdygyny we seriýalyň ilkinji görkezilişiniň Kannyda boljakdygyny nygtaýar. Habarda teleseriýalda Soltan Ahmedi Ekin Koçyň, Safiýe Soltany Hülýa Awşaryň we Kösem Soltanyň ýaşlygyny grek aktrisa Anastasia Tslimpounyň sahnalaşdyrýandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti: “Halkara Emmä dalaşgär” söz başyly habarynda, “Haram pul yşk” teleseriýalyndaky roly bilen geçen aý Günorta Koreýada geçirilen “Seul drama sylagynda” “Iň gowy erkek aktýor” sylagyna laýyk görülen Engin Akýüregiň ýene-de bir sylaga laýyk görülmžge dalaşgärdigini habar berýär. Gazet Halkara Emmi sylagyna hem şol rol bilen şol kotegoriýada sylaga laýyk görkezilendigini belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar