Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.09.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

354312
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.09.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Boýun egen PKK-ly kabul etdi: “Halk ýanymyzda durmady” söz başyly habarynda, boýun egen Bahoz lakamly PKK terrorçysynyň Siriýada terror guramasy ÝPG-den öwrenen taktikalarynyň Türkiýede netije bermändigini aýdandygyny ýazýar. Habarda çaknyşyklarda türk esgerleriniň ukybynyň, täze usullarynyň we ýerli uçarmansyz howa ulaglaryndan alynan maglumatlaryň terrorçylaryň derbi dagyn edilmeginde uly rol oýnandygy nygtalýar. Gazet terrorçynyň hendek gazylan ýerlerde bolsa halkyň gurama uly reaksiýa bildirendigini boýun alandygyny ýazýar.
“Star” gazeti “Türkiýe we Demirgazyk Yrak ylalaşdy, hüjümler ýaýbaňlandy” söz başyly habarynda, Demirgazyk Yrakdan çykarylýan nebitiň Türkiýäniň üstaşyr akdyrylmagy barada ylalaşyk gazanylmagyndan soň Türkiýä we Demirgazyk Yraga guralýan hüjümleriň ýaýbaňlanandygyna ünsleri çekýär. Gazet hünmänleriň ylalaşyk bilen terrorçylykly hüjümleriň başlamagynyň arasyndaky gatnaşyga ünsi çekýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Prezident Erdoganyň hem Siriýada we Yrakda uzak ýyllardan bäri dowam eýdän içerki urşa çäre görmeýän ABŞ-nyň we Ýewropanyň DAEŞ-iň nebit guýularyna howp salmaga başlamagyndan soň işe girişendigini nygtap, “Günbataryň derdi adam däl, nebit” diýen sözleri ýatladylýar.
“Haber Türk” gazeti “Türkiýe için 2 ýylyň dowamynda Şengene wiza ýeňilligi döredilip bilner” söz başyly habarynda, Ýewropa Komissiýasynyň giňelmekden jogapkär agzasy Ýohannes Hahnyň “Brýussel 2 ýyldan bäri Ankara bilen wizalaryň liwerallaşmagy boýunça gepleşik geçirýär” diýen sözlerine ünsleri çekýär. Gazet Türkiýäniň ÝB üçin uly ykdysady özboluşlyga eýe ýurt we esasy hyzmatdaşdygyny nygtan Hahnyň “Ykdysady gatnaşyklaryň we gümrük bileleşiginiň ösdürilmeg biziň üçin ileri tutuluan ugurlar. Türk firmalary Ýewropada 600 müň adamy iş bilen üpjün edýär” diýen sözlerini çap edýär.
“Sabah” gazeti “Liwerpuldaky azyk festiwalynda türk goşandy” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Liwerpul şäherinde 8-njisi geçirilen “Azyk we alkogolsyz içgi festiwalynda” türk şefleriniň hödürlän tagamlarynyň gelenlerden uly täsir galdyrandygyny, 40 adamyň gatnaşan festiwalynda türk pawionyna baryp görenleriň ýerli türk tagamlaryna haýran galandygyny ýazýar.
“Milliýet” gazeti “Renkler duşuşýar” söz başyly habarynda, Döwrebap sungat merkeziniň mart aýynda geçiren “Elleriň jadysy” atly çäresinden soň dünýä derejesindäki sergilerden birine ýer eýeçiligini etjekdigini ýazýar. Gazet 30 ýurtdan 80 sany meşhur sungat ussatlarynyň naýbaşy eserlerini özünde jemleýän “Dünýäniň renkleri” atly serginiň oktýabr aýynyň 5-31-i aralygynda Ankarada guraljakdygyny buşlaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar