Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.09.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

386451
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.09.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Ösüşde Ýewropany geçdik” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň syýasy kesgitsizlige garamazdan ösüş boýunça Ýewropanyň 24 ýurduny geçendigini mälim edýär. Gazet şu ýylyň ikinji çärýeginde 3,8 göterim ösüş eden Türkiýäniň Ýewropa ýurtlarynyň arasynda iň çalt ösýän 3-nji ýurt bolandygyna ünsi çekýär.

“Star” gazeti: “London bilen hyzmatdaşlyk ilkinji gong bilen durmuşa geçdi” söz başyly habarynda, Satmbul Biržasy bilen London Biržasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk düýn ilkinji gong urgusy bilen başlandygyny habar berýär. Habarda Londonyň Biržasynyň global maýadarlaryň bazasynyň duşenbe güninden başlap Stambulyň Biržasyna ýetiriljekdigi ýazylýar.

“Watan” gazeti: “Musulmanlaryň iň gowy görýän ilkinji şäheri Stambul” söz başyly habarynda, MASTERCARD-yň we CrescentRating-iň 2011-nji ýyldan bäri taýarlaýan “Musulman syýahatçylaryň artyk görýän ýerleri” atly sanawa görä Malaýziýadan soň, 2015-nji ýylda musulman syýahatçylaryň iň köp syýahat edýän ýurdunyň Türkiýedigini nygtaýar. Gazet Ýewropada syýahatçy sanynyň iň köp artýan şäheriniň 10,1 göterim bilen Stambuldygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Stambuldan soň Gamburg, Kopengagen, Lissabon we Berlin ýaly şäherleriň gelýändigi bellenýär.

“Haber Türk” gazeti: “Gündogar Gara deňizde buzlardan emele gelen 117 sany köl bar” söz başyly habarynda, Gündogar Gara deňiz taslamasy sebitleýin galkynyş edarasy tarapyndan taýarlanan syýahatçylyk meýilnamasynyň çäginde ýurduň Rize, Trabzon, Artwin, Giresun, Gümüşhane we Erzurum welaýatlarynda buzlardan emele gelen 117 sany kölüň bardygynyň anyklanandygyny mälim edýär. Habarda kölleriň ýerleşýän ýerleriniň we olaryň ýollarynyň anyklanyp kitap görnüşinde çap edilendigi ýazylýar.

“Hürriýet” gazetiniň: “Lara Fabian gelýär” söz başyly habarynda bolsa, kanadaly sungat adamsy Lara Fabianyň türk muşdaklary bilen duşuşmak üçin taýarlanýandygyny habar berýär. Gazet 1986-njy ýylda aýdym-saza başlan we 15 albom we 1-i türk dilinde 23 singl aýdymy bolan aýdymçynyň 15-nji oktýabrda Stambulda çykyş etjekdigine ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar