Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.09.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

376430
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.09.2015

Watan” gazeti: “Türkiýe aýaga galdy” söz başyly habarynda, türk halkynyň Daglyjadaky terrorçylykly hüjümler sebäpli köçelere çykandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň bir ujundäky Izmir welaýatyndan beýleki ujundaky Kars welaýatyna çenli ähli ýerinde türk halkynyň köçelere çykyp terrorçylykly hüjümlere garşylyk görkezendigini nygtaýar. Gazet Türkiýäniň Mersin welaýatynda 1 müň 500 adamyň türk baýdaklary bilen ýoly ýapandygyny, Siwas welaýatynda bolsa müňlerçe adamyň baýdaklar bilen ýörändigini, öýlerine we ulaglaryna baýdak asandygyny mälim edýär.

Sabah” gazeti: “Artykmajy bilen gaýtratdyk” söz başyly habarynda, Baş Ştabyň Daglyjadakyky minaly hüjümde 16 esgeriň şehit bolandygyny habar berýär. Gazet hüjümden soň guralan operasiýalarda 75 terrorçynyň öldürilendigini, Jilo we Sat sebitlerinde 250 terrorçynyň gabaw astyna alynandygyny nygtaýar.

Ýeni Şafak” gazeti: “Terror koridoru” söz başyly habarynda, PKK-nyň Türkiýäniň Jizre we Nusaýbin etraplarynda özbaşdaklyk yglan edip, Siriýadan ol etraplara ýarag we ok-däri geçirmek isländigini mälim edýär. Habarda terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň ol koridordan ABŞ-nyň, Germaniýanyň we Asadyň ÝPG guramasyna beren ýaraglary geçirmek isländigi bellenýär.

Star” gazeti: “Global ykdysadyýetiň ýüregi 6-njy gezek Stambulda urar” söz başyly habarynda, Staryň hem hemaýat berýän Stambulda geçiriljek Ýokary derejeli maliýe maslahatynyň şu gün başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ençeme daşary ýurtly işewür adamyň gatnaşjak Stambul Ýokary derejeli maliýe maslahatynda global ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşyljakdygyna ünsi çekýär. Gazet 2 gün dowam etjek maslahatda şeýle hem az ösüşiň we pes prosent stawkanyň döredip biljek howplary barada durulyp geçiljekdigini ýazýar.

Hürriýet” gazeti: “Türk fizikaçynyň uly üstünligi. Ölçäp bolmaz diýilýäni ölçedi” söz başyly habarynda, Britaniýanyň tanymal Kembridž uniwersitetinde kwant fizikasy ugrunda ylmy işler geçirýän Dos. Dr. Mete Atatüreniň ozal ölçäp bilinmedik Ýagtlyk derejesiniň sesini ölçändigini habar berýär. Gazet Türkiýäniň Bilkent uniwesitetini gutaran Atatüreniň bu üstünliginiň dünýäniň ençeme žurnallarynda çap edilendigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar